SPORT

Maunt “Mançester Ýunaýted” toparynyň düzümine goşuldy

Angliýanyň “Çelsi” toparynyň ýarymgoragçysy Meýson Maunt “Mançester Ýunaýted” toparynyň düzümine goşuldy.

Angliýanyň başga bir güýçli toparyna geçen hem-de bir ýyl uzaltmak mümkinçiligi bilen 5 ýyl şertnama baglaşan 24 ýaşly ýarymgoragçynyň transfer edilendigini resmi taýdan yglan edildi.

Maunt üçin 55+5 million futn-sterling sarp edildi. Iňlis futbolçynyň zähmet haky goşmaçalar bilen hasaba alnanda, hepdelik 250-300 müň funt-sterling arasynda bolar.

Meýson Maunt 2022/2023-nji möwsümde Angliýanyň milli çempionatynda “Çelsi” toparynyň düzüminde 24 duşuşykda oýnady.

24 ýaşyndaky Maunt “Çelsi” toparynyň ýetişdiren futbolçysydyr. Ol bu toparyň düzüminde umumylykda, 195 duşuşykda oýnady. Ol iňlis topary bilen Çempionlar ligasynyň kubogyny, UEFA-nyň Superkubogyny eýeledi.

Meýson Maunt Angliýanyň milli ýygyndysynyň düzüminde 36 duşuşykda oýnady.

Ýene-de okaň

Türkmen boksçysy Döwlet Islamow Aziýa çempionatynda bürünç medal gazandy

AFK-nyň futbol boýunça dolandyryş okuwyna badalga berildi

Rumyniýaly meşhur tälimçis Mirça Luçesku aradan çykdy

Geçen ýylyň çempiony “Arkadag” täze möwsüme uly hasaply ýeňiş bilen başlady

Ankarada 2026-njy ýylyň şygryna we Bütindünýä saglyk günine bagyşlanan futbol bäsleşigi geçirildi

Aziýanyň boks çempionaty:türkmenistanly Döwlet Yslamow ýarym finala çykdy