DÜNÝÄ

Maulen Aşimbaýew Senatyň başlygy wezipesine saýlandy

Gazagystanda Senatyň deputatlary Maulen Aşimbaýewi ýurduň parlamentiniň ýokary palatasynyň başlygy wezipesine saýladylar. Ses berlişige gatnaşan senatorlaryň 50-si hem onuň dalaşgärligini goldady. 

Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Senatyň spikeri wezipesine Maulen Aşimbaýewi hödürläpdi. Ol 2020-nji ýy;yň maýyndan bäri bu wezipede işleýär.

Maulen aşimbaýew 1971-nji ýylda Almaty şäherinde dnüýä indi. Al-Farabi adyndaky gazak döwlet uniwersitetini tamamlady. Syýasy ylymlaryň kandidatydyr.

1993-nji ýylda iş durmuşyna Metbugat we köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ministrliginde başlady. 2012-nji ýylda mejlisiň deputatlygyna saýlandy. Köp sanly wezipelerde işledi. 2020-nji ýylyň 4-nji maýynda Gazagystanyň Senatynyň spikeri wezipesine saýlanypdy.

Sport bilen hem meşgullanmagy halaýan Maulen Aşimbaýew karate-gdzýu-rýu boýunça gara guşagyň eýesidir.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 109-njy mejlisine gatnaşdy

Eýranyň Aşgabatdaky medeniýet merkezi surat çekmek bäsleşigini geçirýär

Türkmenistanyň Ilçisiniň Gruziýanyň Daşary işler ministriniň orunbasary bilen duşuşygy

Türkmenistanyň wekiliýeti «Energoprom-2026» Kazan forumyna gatnaşdy

Türkmenistan we Belarus howa gatnawlaryny ösdürmegi maslahatlaşdylar

Türkmenistan-Ýaponiýa: suwuklandyrylan gazdan gelium gazyny öndürmek maslahatlaşyldy