JEMGYÝET

Mary şäherinde täze binalar ulanmaga berildi

Mary şäheriniň Magtymguly köçesinde gurlan ýedi gatly 188 öýli ýaşaýyş jaý toplumynyň dabaraly açylyşy boldy. Ony Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy “Ojar Aziýa” hususy kärhanasy gurdy.

Durmuş maksatly täze desga häzirki zaman talaplaryna doly laýyklykda bina edildi. Diýarymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň öňüsyrasynda ulanmaga berlen we Mary şäheriniň ýaşaýjylary üçin ajaýyp sowgat bolan ýaşaýyş jaý toplumy bäş bölekden ybaratdyr. Onuň birinji gatynda söwda ulgamynyň kärhanalary ýerleşýär.

Jaý toýlaryny toýlaýanlaryň öýlerinde oňaýly ýaşamak üçin ähli şertler döredilipdir. Ýaşaýyş amatlylygyny üpjün etmek üçin degişli düzümler, şol sanda çagalar üçin oýun meýdançalary, awtoulag duralgalary göz öňünde tutulypdyr. Toplumyň daş-töweregi abadanlaşdyrylyp, gülzarlyga öwrülipdir.

TÄZE HALYÇYLYK ÖNÜMHANASY AÇYLDY 

Şeýle hem şol gün Baýramaly şäherinde täze halyçylyk önümhanasy açyldy. Ol “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň Mary çeper halyçylyk kärhanasynyň buýurmasy esasynda guruldy.

Döwrebap ugurdaş enjamlar hem-de degişli inženerçilik-tehniki ulgamlar bilen üpjün edilen önümhanada halyçy gelin-gyzlaryň öndürijilikli zähmet çekmegi üçin ähli şertler göz öňünde tutuldy. Şonuň ýaly-da naharhana, dynç alyş otagy, lukmançylyk bölümi, iş otaglary, maslahatlar zaly, ussahana, çig maly we taýýar önümi saklamak üçin ammar bar. Bu ýerde haly muzeýi hem ýerleşýär. Bu önümhana Mary çeper halyçylyk kärhanasyna degişli şeýle desgalaryň ýedinjisidir. Onda şanly waka mynasybetli haly we haly önümleriniň sergisi guraldy.

Mary we Baýramaly şäherlerinde geçirilen dabaralara gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa türkmenistanlylaryň bagtyýar we abadan durmuşy, döredijilikli zähmet çekmegi ugrunda ýadawsyz alada edýändigi, “Döwlet adam üçindir!” diýen çuňňur manyly şygarda öz many-mazmunyna eýe bolan durmuş maksatly syýasaty durmuşa geçirýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler.

Däp bolşy ýaly, tapawutlanan gurluşykçylara milli Liderimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

3 müň orunlyk binanyň düýbi tutuldy

Ýene-de okaň

“Ýylyň Sözüni” saýlana 1000 manat baýrak : “Makul Sözlük” teklip edýär

Türkmenistan “Merkezi Aziýa — ASEAN” formatyny döretmek başlangyjy öňe sürýär

Aşgabat-Daşoguz ugry boýunça goşmaça otly gatnawlary ýola goýuldy

“Arkadag” futbol kluby bassyr ikinji ýyl Türkmenistanyň Kubogyna mynasyp boldy

Daşkent şäherinde “Magtymguly Pyragy” çeper filminiň premýerasy boldy

Ata Watan Eserleri

Türkmen kinoçylary Täze ýyl üçin täze filmler döredýär