Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti Margaritis Shinas Belgiýa Patyşalygynyň Brýussel şäherinde geçirilýän Ýewropa Bileleşiginiň «Global Gateway» başlangyjynyň Maýadarlar forumynyň örän uly ähmiýete eýe bolup durýandygyny belläp, Merkezi Aziýanyň dünýäde ähmiýetiniň artýandygyny belledi.
– – Bu ajaýyp pikirleriň hemmesi gözleg, maýa goýum, pul serişdeleri talap edýär. Bu çäräniň maksady hökümeti, maýadarlary, milli we halkara guramalary birleşdirmek. Hyzmatdaşlarymyzyň bu çärä işjeň gatnaşandyklaryna begenýäris. Munuň geljegi uly netijeleri bar – diýip, Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti Margaritis Shinas belledi.
Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti Margaritis Shinas Merkezi Aziýanyň dünýädäki ähmiýetiniň artýandygyny aýtdy.
