SPORT

Maradonanyň heýkeli dikeldildi

Ady rowaýata öwrülen argentinaly futbolçy Diego Armando Maradonanyň aradan çykanyna bir ýyl boldy. Italiýanyň Napoli şäherindäki Diego Armando Maradonanyň adyny göterýän stadionyň öňünde onuň heýkeli guruldy.

Napoli şäher häkimligi tarapyndan döredilen heýkeliň açylyş dabarasyna Napoli toparynyň ýolbaşçylary we köp sanly futbol janköýerleri gatnaşdy.

Heýkeltaraş Domeniko Sepe tarapyndan bürünçden ýasalan heýkel, “10” belgili “Napoli” toparynyň köýnekçesi bilen ylgaýan meşhur futbolçyny şekillendirýär.

1984-1991 möwsümlerinde “Napoli” toparynyň düzüminde çykyş eden Maradona bu toparyň 2 gezek Italiýanyň çempiony bolmagyna, 1 gezek Italiýanyň kubogyny. 1 gezke italiýanyň Superkubogyny, şeýle hem 1 gezek UEFA-nyň kubogyny gazanmagyna önjeýli goşant goşdy.

Mälim bolşy ýaly, Maradona 2020-nji ýylyň 25-nji noýabrynda aradan çykypdy.

“TAŇRYNYŇ ELI” LAKAMLY MARADONANYŇ DURMUŞY BARADA GYSGAÇA

Diego Armando Maradona 1960-njy ýylyň 30-njy oktýabrynda dünýä inipdi. Maradona «Boka Huniors» (1981 – 1982, 1995 – 1997), «Barselona» (1982 – 1984)  we «Napoli» (1984 – 1991) toparlaryndaky üstünlikli çykyşlary bilen tanalýar. Ol 2008-2010-njy ýyllarda Argentinanyň milli ýygyndysynyň tälimçisi hem boldy.

Maradona Argentinanyň milli ýygyndysynyň düzüminde 1986-njy ýylda dünýä çempiony bolupdy. Şol dünýä çempionatynda Angliýa futbol milli ýygyndysyna eli bilen geçiren goly, “Taňrynyň eli” hökmünde futbol taryhynda öz mynasyp ornuny aldy.

 

Geljek, 2022-nji ýylyň şygary ara alnyp maslahatlaşyldy

Ýene-de okaň

Futbol boýunça dünýä çempionaty: ähli gatnaşyjylar belli boldy

Türkiýä 24 ýyldan soňra dünýä çempionatyna gatnaşar

Ata Watan Eserleri

44 gün tälimçilik etdi

Türkiýäniň ýygyndysyna dünýä çempionatyna bir ädim galdy

Ata Watan Eserleri

Salah “Liwerpuldan” gidýär

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi