SPORT

“Mançester Siti”-niň nobatdaky kubogy

Beýik Britaniýanyň paýtagty London şäherindäki Uembli stadionynda Angliýanyň Liga kubogynyň final duşuşygy geçirildi. Onda “Maçester Siti” topary bilen “Aston Willa” topary duşuşdy. Duşuşykda garşydaşyny 2:1 hasabynda ýeňen “Mançester Siti” topary bassyr 3-nji gezek bu kuboga eýe boldy.

“Mançester Siti” topary bassyr 3-nji we soňky 7 möwsümde 5-nji gezek bu arzyly kubogy gazanmagy başardy. “Mançester Siti” topary 1970-nji, 1976-njy, 2014-nji, 2016-njy, 2018-nji we 2019-njy ýyllarda Angliýanyň Liga kubogyny gazanmagyň hötdesinden gelipdi.

Toparyň tälimçisi Hosep Gwardiola 12 ýyllyk tälimçilik döwründe 22 duşuşykda 1 kubogy gazanmagy başardy. 49 ýaşyndaky tälimçi 625 duşuşykda 29 kubogyň eýesi boldy.

2016-njy ýylda “Mançester Siti” toparyna gelen Gwardiola bu topar bilen 2 gezek “Premier Liga”-ny, 3 gezek Angliýanyň liga kubogyny, 2 gezek “Community Shield” kubogyny, 1 gezek hem “FA” kubogyny gazandy.

Ol Germaniýanyň “Bawariýa” toparyny tälimçilik eden döwründe 7 kubok gazanypdy. Gwardiola iň köp kubogyny “Barselona” toparyna tälimçilik eden döwründe gazandy. Jemi 14 kubogyň eýesi bolmagy başardy.

Ýene-de okaň

Futbol boýunça dünýä çempionaty: ähli gatnaşyjylar belli boldy

Türkiýä 24 ýyldan soňra dünýä çempionatyna gatnaşar

Ata Watan Eserleri

44 gün tälimçilik etdi

Türkiýäniň ýygyndysyna dünýä çempionatyna bir ädim galdy

Ata Watan Eserleri

Salah “Liwerpuldan” gidýär

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi