SPORT

Malkom hem Saud Arabystanyna gidýär

Russiýanyň “Zenit” toparynyň düzüminde çykyş edýän brazil futbolçy Malkom hem Saud Arabystanyna gidýär. Russiýanyň hem raýatlygy bolan bu futbolçy Saud Arabystanynyň “Al-Hilal” topary bilen ylalaşdy. Saud topary brazil futbolçysy üçin 60 million ýewro tölär. Bu barada rus toparynyň ýolbaşçylaryndan Aleksandr Medwedew habar berdi.

26 ýaşyndaky Malkom 2019-njy ýylyň tomsunda Russiýanyň “Zenit” toparynyň düzümine goşuldy. Ol bu toparyň düzüminde 109 duşuşykda oýnap, 42 gezek tapawutlandy.

Ol geçen möwsümde 23 gol geçirip, iň köp gol geçiren futbolçy boldy.

Mundan ozal, ol Fransiýanyň “Bordo” we Ispaniýanyň “Barselona” toparynda oýnady.

2023-nji ýylyň 24-nji fewralynda Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň karary bilen Malkom rus raýaty boldy.

“Al-Hilal” topary Saud Arabystanynyň çempionatynda 18 gezek çempion bolan topar. Geçen möwsümde bu topar 3-nji orny eýeledi. Şu tomus möwsüminde saud topary düzümini güýçlendirip, senegally goragçy Kalidu Kulibali, portugal ýarymgoragçy Ruben Neweş we serbiýaly ýarymgoragçy Sergeý Milinkowiç-Sawiçi satyn aldy.

Ýene-de okaň

Türkmen boksçysy Döwlet Islamow Aziýa çempionatynda bürünç medal gazandy

AFK-nyň futbol boýunça dolandyryş okuwyna badalga berildi

Rumyniýaly meşhur tälimçis Mirça Luçesku aradan çykdy

Geçen ýylyň çempiony “Arkadag” täze möwsüme uly hasaply ýeňiş bilen başlady

Ankarada 2026-njy ýylyň şygryna we Bütindünýä saglyk günine bagyşlanan futbol bäsleşigi geçirildi

Aziýanyň boks çempionaty:türkmenistanly Döwlet Yslamow ýarym finala çykdy