BILIM

Malaýziýanyň türkmen talyplary üçin talyp haklary mümkinçilikleri öwreniler

Türkmenistanyň Bilim ministri J.Gurbangeldiýew Malaýziýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi jenap Mohd Suhaimi Bin Ahmad Tajuddin bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda iki ýurduň bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygynyň geljegi, ýokary bilim we hünär taýýarlygy, şeýle-de ýaşlaryň bilim mümkinçilikleriniň giňeldilmegi bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň bilim babatda hyzmatdaşlygynyň aýdyň mysaly hökmünde “Petronas” kompaniýasynyň Türkmenistandaky işjeňligi bellenildi. Bu kompaniýanyň Tehnologik uniwersitetinde türkmenistanly ýaşlaryň ýokary hilli bilim almaklary üçin döredilýän mümkinçilikler aýratyn nygtaldy.

Duşuşykda iki ýurduň bilim edaralarynyň arasynda täze hyzmatdaşlyk ugurlaryny işläp taýýarlamak, şol sanda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek boýunça teklipler öňe sürüldi. Şeýle hem Malaýziýanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň Türkmenistanda geçirilýän halkara olimpiadalara we bäsleşiklere işjeň gatnaşmagy babatda pikir alşyldy.

Türkmenistanyň Bilim ministri jenap Ilçä Türkmenistanda geçiriljek Mekdep okuwçylarynyň II Halkara matematika olimpiadasyna malaýziýaly okuwçylaryň gatnaşmagy üçin çakylyk hatyň iberilendigini belläp, bu çäräniň iki ýurduň bilim gatnaşyklarynyň has-da berkemegine goşant goşjakdygyna ynam bildirdi.

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň bilim ulgamynda hyzmatdaşlygyny giňeltmek maksady bilen, geçen ýylyň ahyrynda gol çekilen resminamalaryň ýerine ýetirilişi boýunça iş meýilnamalaryň taýýarlanandygy beýan edildi.

Türkmenistanyň Bilim ministrligi Malaýziýanyň hökümeti tarapyndan türkmen talyplary üçin talyp haklarynyň (scholarship) hödürlenmegi mümkinçiligini öwrenmegi haýyş edip, bu başlangyç bilen bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň täze tapgyra çykjakdygyna ynam bildirdi.

Öz nobatynda, Malaýziýanyň Ilçisi jenap Mohd Suhaimi Bin Ahmad Tajuddin hödürlenen teklipler üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda bilim ulgamynda gatnaşyklary ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny nygtady. Mundan başga-da, Malaýziýa bilen Türkmenistanyň arasynda orta hünär okuw mekdepleri boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmek baradaky teklibini beýan etdi.

Ýene-de okaň

Garward uniwersitetinde mugt okamak mümkinçiligi: maliýe kömegini giňeldilýär

«Iň eýjejik gyzjagaz – 2025» atly bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi

CNPC: Hytaýyň Nebit uniwersiteti üçin kabul edişlik başlandy

Türkmen ýaşlarynyň dykgatyna! Rumyniýa okuw üçin resminamalar kabul edilip başlandy

Türkmen ýaşlary 2025-2026-njy okuw ýylynda Rumyniýa okuwa iberiler

Günorta Florida uniwersitetinde kiberhowpsuzlyk we emeli aň kolleži döredilýär