Malaýziýanyň Premýer-ministr Anwar Ibrahim özüniň ilkinji resmi sapary bilen Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherine geldi. Belent mertebeli myhmany Aşgabadyň halkara howa menzilinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Guwanç Agajanow we beýleki resmi adamlar garşylady.
Malaýziýanyň Premýer-ministr Anwar Ibrahim ertir resmi saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen duşuşar. Gepleşikleriň jemleri boýunça birnäçe möhüm ylalaşyklara gol çekilmegine garaşylýar.

Anwar Ibrahim dostlukly Malaýziýanyň Premýer-ministri babatda özüniň ilkinji, Malaýziýanyň Premýer-ministrleriniň 5-nji sapary bolar.
Premýer-ministriň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň düzüminde maýa goýumlar, söwda we senagat ministri Utama Johari Abdul Gani, ykdysadyýet ministri Haji Akmal Nasrullah bin Mohd Nasir hem-de ýokary derejeli döwlet işgärleri bar.
Bu sapar, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2024-nji ýylyň dekabrynda Malaýziýa eden resmi saparyna jogap hökmünde guralýar. Bu barada Malaýziýanyň “Bernama” habarlar gullugy habar berdi.
