BIZNES

Malaýziýanyň kompaniýalary Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýär

Türkmenistanyň Malaýziýadaky Ilçihanasy Malaýziýanyň orta telekeçilik kompaniýalarynyň konsorsiumy bilen bilelikde guramagynda agzalan konsorsiumyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşyga Malaýziýanyň orta telekeçilik kompaniýalarynyň konsorsiumynyň Prezidenti Martin Ang, şeýle hem «Intelligent PIE Consulting Sdn Bhd», «Marrybrown», «Julie’s Manufacturing Sdn. Bhd», «Mega Fortris Berhad», «i-Chem Solution Sdn Bhd» ýaly Malaýziýa kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Duşuşyk söwda-ykdysady ugurda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösüşini berkitmäge hem-de täze ugurlary we mümkinçilikleri gözlemäge gönükdirildi.

Duşuşygyň dowamynda Malaýziýa kompaniýalary öz işleri we önümleri barada maglumat berdiler we türkmen telekeçileri bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmaga hem-de Türkmenistanyň içerki bazaryna girmäge gyzyklanma bildirdiler.

Ilçi M.Maşalow söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ilerletmek we iki ýurduň işewür toparlarynyň arasynda özara gatnaşyklary ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny belledi.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar ikitaraplaýyn işewür hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine ynam bildirdiler.

Ýene-de okaň

“EKSPO-2027”: “Türkmenistan-parahatçylygyň owazy, saglygyň mekany” diýen şygar bilen gatnaşar

2026-njy ýylda Türkmenistanyň nebitgaz pudagynda iri taslamalary durmuşa geçirmek meýilleşdirilýär

Türkmenistanda ýasy ýaprakly senna tohumyndan kofe taýýarlandy

Türkmenistanda iki aýda jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim artdy

Tejen şäherinde döwrebaplaşdyrylan awtomenzil ulanylmaga berildi

Hytaý milliarderleriň sany boýunça ýene-de dünýä lideri boldy