BILIM

“Makul Dil Gollanmasy” Amerikan Kongres kitaphanasynyň katalogyna girizildi

ABŞ-nyň iň abraýly medeni we ylmy edaralarynyň biri bolan Library of Congress katalogyna türkmen diline degişli täze möhüm eser goşuldy. Dr. Dovran Orazgylyjov ýolbaşçylygynda taýýarlanan “Makul English-Turkmen Language Handbook” kitaby resmi taýdan hasaba alnyp, halkara derejesinde tanalmagyny dowam etdirýär. Bu iş “Makul Hyzmat” terjime merkeziniň goldaw bermeginde amala aşyryldy.

Library of Congress dünýäniň iň uly kitaphanalarynyň biri bolup, onuň fondunyň möçberi 170 milliondan gowrak materialdan ybaratdyr. Şol sebäpli bu kataloga girizilmek diňe bir çap edilmek däl, eýsem eseriň dünýä derejesinde ykrar edilmeginiň möhüm görkezijisi hasaplanýar.

Bu gollanma iňlis we türkmen dillerini öwrenýänler üçin giňişleýin maglumatlary öz içine alýar. Onda iň köp ulanylýan 266 sany düzgünsiz işlikler, 200-den gowrak idiomalar, frazal işlikler, prefiksler, suffiksler hem-de gündelik durmuşdan alnan ýüzlerçe mysallar ýerleşdirilendir.

Kitap ABŞ-da çap edilip, dünýä belli platformalarda hem elýeterlidir we ylmy, akademiki hem-de özbaşdak öwrenýänler üçin möhüm çeşme hökmünde görkezilýär.

Şeýle-de, bu eser New York Public Library katalogynda hem hasaba alnyp, giň okyjy köpçüligine ýetirilýär.

Mundan öň hem şol taslamanyň birinji kitaby bolan “Makul Sözlük” dünýäniň öňdebaryjy uniwersitetleriniň, şol sanda Harvard we Stanford ýaly ýokary okuw mekdepleriniň kitaphanalarynda ýerleşdirilipdi.

Täze gollanmanyň Library of Congress tarapyndan hasaba alynmagy onuň diňe bir dil öwreniş ähmiýetini däl, eýsem halkara ylmy-medeni gymmatyny hem görkezýär. Şeýle ösüşler türkmen diliniň dünýä derejesinde tanalmagyna we emeli intellekt ulgamlarynda giňden ulanylmagyna goşant goşýar.

“Makul Dil Gollanmasynyň” ABŞ-nyň Kongres kitaphanasynyň katalogyna girizilmegi türkmen dil biliminiň ösüşinde möhüm ädim bolup, bu ugurda alnyp barylýan işleriň halkara derejesinde ýokary baha alýandygyny görkezýär.

“Makul Iňlisçe-Türkmençe” dil gollanmasy neşir edildi

Ýene-de okaň

Aşgabatda III Halkara matematika olimpiadasy geçirilýär

Ata Watan Eserleri

Türkiýede uçarman ugry boýunça okajak türkmen ýaşlarynyň dykgatyna!!!

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň wekilleri Hindistanda halkara bilim maksatnamasyna gatnaşýarlar

Türkmen-hytaý energetika okuw merkezi döredildi

Türkmenistanyň Bilim ministrligi: 2026-njy ýyl üçin diplomy ykrar edilýän halkara uniwersitetler

Ata Watan Eserleri

TOHU-da «Döwrebap ykdysadyýetçi üçin diplom ýeterlikmi?» atly açyk sapak geçirildi