DÜNÝÄ

Makron Hytaýa resmi sapar bilen bardy

Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron resmi sapar bilen Hytaýa bardy. Onuň uçarynyň Pekiniň Şoudu howa menziline gonýan pursatlaryny Hytaýyň Merkezi teleýaýlymy alyp görkezdi.

Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron saparynyň çäklerinde Hytaýyň Başlygy Si Szinpin, Hytaýyň Döwlet Geňeşiniň Premýeri Li Sýan we Ählihytaý halk wekilleri geňeşiniň Hemişelik komitetiniň ýolbaşçysy Çžao Leszi bilen duşuşar.

Şeýle hem Makron Pekin şäherinden başga-da, HHR-iň Guandun welaýatynyň Guançžou şäherine baryp görer.

Fransiýanyň Prezidenti bilen köp sanly iri fransuz kompaniýalarynyň ýolbaşçylary hem Hytaýa bardy.

Bu sapar Fransiýanyň Prezidentiniň 3,5 ýyldan soň amala aşyrýan nobatdaky sapayr bolar. Makron ozalky prezidentlik möhletinde, ýagny 2019-njy ýylyň güýzünde Pekinde saparda bolupdy.

Şeýle hem Ýewropa Komissiýasynyň Başlygy Ursulan fon der Lýaýen hem Hytaýa sapar bilen bardy. Makronyň we ÝB-niň resmi wekiliniň saparlary 7-nji aprele çenli dowam eder.

Ýene-de okaň

Gazagystanlylaryň 87%-den gowragy täze Konstitusiýanyň taslamasyny goldady

Ata Watan Eserleri

Kabul we Aşgabat TOPH gaz geçirijisiniň ugrundaky ýerleri satyn almak işinde ylalaşýarlar

Millionlarça yzarlaýjysy bolan influenser Ýuji Beleza Türkmenistanyň çäresine gatnaşar

Dr.Döwran Orazgylyjov

Gazagystanda täze konstitusiýa boýunça sala-salyşlyk geçirilýär

Pekinde türkmen–hytaý maýa goýum forumynyň tanyşdyrylyşy geçirildi

Russiýanyň Daşary işler ministrligi türkmen ilçisine täze wezipesinde üstünlik arzuw etdi