Kiýew şäheriniň Magtymguly adyndaky kitaphanasynda «Ukraina — Türkmenistan: medeni gatnaşyklary özara baýlaşdyrmak» taslamasynyň çäginde Magtymguly Pyragynyň «Маґтимґули Пираґи. Одкровення» atly ukrain dilinde neşir edilen goşgular ýygyndysynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.
Dabara şahyrlar, ýazyjylar, umumy bilim berýän aýdym-saz mekdepleriniň mugallymlarydyr, okuwçylary, talyplar we döredijilik sungat birleşikleriniň hem-de türkmen diasporasynyň wekilleri gatnaşdylar.
Dabarada Magtymgulynyň döredijilik mirasyny, durmuş ýoluny hem-de filosofiki garaýyşlaryny terjime eden we öwrenen ukrain medeni işgärleriniň goşandynyň Türkmenistanda örän uly ähmiýete eýedigi nygtaldy. Olaryň hatarynda Pawel Mowçan we Nikolaý Waskiwiň Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglanandyklary aýratyn bellenildi.
Magtymguly Pyragynyň ukrain diline terjime edilen goşgular ýygyndysy iki halkyň arasyndaky medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň täze mazmun bilen baýlaşdyrylýandygynyň beýanydyr.