2024-nji «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy döwlet we halkara derejesinde giňden bellenilýär. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen öňe sürlen türkmen halkynyň söýgüli şahyry Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligini öwrenmek babatda maksatnamalaýyn işler hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen mynasyp dowam etdirilýär.
Hormatly Prezidentimiz 2023-nji ýylyň sentýabr aýynda ABŞ-nyň Nýu-ýork şäherine iş saparynyň çäklerinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda belent münberinden eden taryhy çykyşyny Magtymguly Pyragynyň «Adamzat» atly goşgusynyň «Ýatsa tursa hyýalyndan çykarmaz, // Kaýsy işe maýyl bolsa adamzat» diýen ajaýyp setirleri bilen jemlemegi bu aýdylýanlaryň aýdyň subutnamasydyr.
Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň ady, şygyrlary häzirki döwürde dünýä dillerinde ýaň salýar. Magtymguly Pyragy türkmeniň azat-erkin, özbaşdak döwlet bolmagyny arzuwlady, öz arzuwynyň hasyl boljakdygyna hem tüýs ýürekden ynandy. Şahyryň arzuwy hasyl hem boldy. Şeýle ajaýyp döwrümizde türkmen halkynyň milli gymmatlyklaryna, şöhratly taryhyna belent sarpa hökmünde akyldar şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň bellenilýän ýyly bolan 2024-nji ýylyň Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän ajaýyp goşgusyndan ugur alnyp, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip atlandyrylmagy, Gahryman Arkadagymyzyň: «Özleriniň ölmez-ýitmez ylmy-edebi mirasy bilen türkmen halkynyň ruhy dünýäsini äleme ýaýan akyldarlarymyzyň adyny, mertebesini şöhratlandyrmak, olaryň taryhdaky ornuna mynasyp baha bermek biziň mukaddes borjumyzdyr» diýen paýhasly sözleriniň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe has-da dabaralanýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär.
Bu gün şahyryň öz eziz iline arzuw eden bagtyýar geljegi hasyl boldy. Garaşsyz we baky Bitarap Türkmenistan döwleti dünýäde asudalygyň we agzybirligiň mekany hökmünde yglan edildi. Çünki döwletimiziň mundan buýana-da mizemezligi we gülläp ösmegi üçin beýik şahyryň röwşen ideýalary, parasatly sargytlary, agzybirlik sapaklary hemişe derwaýysdyr. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda akyldar şahyrymyzyň mertebesi has-da belende göterilýär, şahyryň umumadamzat gymmatlygyna öwrülen pikir-garaýyşlary, durmuş zerurlygy bilen delillenýän köpugurly ideýalary şu günki kämil jemgyýetimiziň mizemez ruhy binýadyna öwrülýär.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ilkinji eserinde: «Gündogaryň beýik akyldary, türkmeniň beýik şahyry we filosofy Magtymguly Pyragynyň eserleri ähli döwürler üçin bahasyna ýetip bolmajak ruhy gymmatlykdyr» diýip belleýär. Şu nukdaýnazardan, 2024-nji «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Diýarymyzyň ähli künjeginde asylly işler durmuşa geçirilýär. Akyldaryň parasatly döredijiligine bagyşlanan aýdym-sazly dabaralar, ylmy-amaly maslahatlar, taýýarlanylýan kitaplar, ýazylýan makalalar hem-de ýygyndylar, şygyrlarynyň dünýä dillerine edilýän terjimeleri, şeýle hem yzygiderli geçirilýän döredijilik bäsleşikleri, halypa edebiýatçylardyr alymlar, ýazyjy-şahyrlar bilen ýygy-ýygydan guralýan halypa-şägirtlik duşuşyklary muňa aýdyň şaýatlyk edýär.
Türkmen edebiýatynyň ösüş taryhynda esasy orun alan Magtymguly Pyragy sözüň güýji, gudraty bilen şygryýet äleminde ady arşa galan beýik akyldar şahyrdyr. Magtymgulynyň şygryýet älemi türkmen edebiýatynyň buldurap akýan, çuňňur mana we çeper söze teşne kalplary gandyrýan çeşmedir. Bu çeşme gözbaşyny Oguz handan, Gorkut atadan, Görogly begden alyp gaýdyp, ata-babalarymyzyň ýol-ýörelge edinen ynsanperwerliginden, ahlak we edep ýörelgelerinden, yşkdan we gözellikden ylham alýar. Şahyryň belent adamkärçilik baradaky garaýyşlary, çuň manyly öwüt-ündewleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe täze hyjuw, ylham bilen gurşalan bagtyýar türkmen halkynyň kalbynda ruhubelentlik, çäksiz joşgun döredýär.
Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň parasatly setirleriniň, pähim-paýhasynyň dünýä jemgyýetçiligine ýetirilmegine giň ýol açýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, alyp barýan il-ýurt bähbitli beýik işleri rowaç bolsun!
Berdimyrat Gurbanow,
Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň iňlis dili mugallymy.
