SIZDEN GELENLER

Magtymguly Pyragynyň sözler bossany

Ynsany beýleki janly-jandarlardan tapawutlandyrýan dil ylym, bilim, aň düşünje bilen aýrylmaz baglanyşykda bolup, adamzat jemgyýetiniň ösmeginde iňňän uly işi ýerine ýetirýär. Biz älem-jahany sözler bilen akyl ýetirýäris. Öz oý-pikirimizi-de sözüň üsti bilen beýan edýäris. Her halk özüçe her bir zady atlandyrýarlar. Dürli dilleriň bolmagy hem  halklaryň birini beýlekisinden tapawutlandyrýan esasy milli görkeziji esasynda görülýändir. Eserleri Jemşidiň jamyna deňelen Magtymguly – diliň nesilleri baglanyşdyrmakdaky, aňyýeti ösdürmekdäki, milleti kemala getirmekdäki hyzmatyna akyl ýetiren beýik söz ussady, öz eserinde türkmeniň ruhy dünýäsini bütin aýdyňlygy bilen açyp görkezen akyldardyr. Dünýäni Aý-Günsüz, gözegine getirip bolmaýşy ýaly hem türkmeniň ruhy dünýäsini hem Magtymgulusyz göz öňüne getirmek mümkin däldir.

XVIII asyr türkmen nusgawy edebiýatyna ser salsaň, ilki bilen, Magtymgulynyň eserlerinde duş gelýän salgylanmalaryň beýleki şahyrlaryňka meňzemeýändigi we edebiýatda öz täsirliligini ýitiren salgylanmalardan düýpgöter tapawutlanýandygy mese-mälim görmek bolýar. Ikinjiden, olaryň tematik baýlygy şahyryň bilim derejesiniň ýokary we dünýägaraýşynyň çuň bolandygyny görkezýär. Üçünjiden, şeýle salgylanmalary derňemek we olaryň düýp mazmunyny açyp görkezmek Magtymgulynyň döredijilik köklerini yzarlamak üçin örän wajyp bolup durýar.

Türkmen diliniň taryhyny öwrenmekde ýazuw ýadygärlikleriniň örän uly ähmiýeti bardyr.

XVIII asyr türkmen diliniň taryhy öwrenilende Magtymgulynyň goşgularynyň sözlük düzüminiň özboluşly aýratynlygy barada gürrüň etmek zerurdyr. Diliň durmuş bilen gatnaşygy sözlük düzüminiň üsti bilen ýüze çykarylýar. Şu nukdaýnazardan Magtymgulynyň goşgularynyň sözlük düzümi şol döwrüň durmuşyny beýan etmekde möhüm çeşmedir. Magtymgulynyň goşgularynda, köplenç, maldarçylyk, ekerançylyk, zergärçilik bilen baglanyşykly sözlere duş gelmek bolýar. Bu hünärler türkmen halkynyň taryhynda uly ähmiýete eýe bolup, tebigy şertleriň, durmuşyň talaplaryna görä ýörgünli häsiýete eýe bolupdyr.

Magtymgulynyň goşgularyndaky kär-hünär sözleriniň uly bölegini maldarçylyk bilen bagly sözler düzýär. Bu sözler halkyň milli aýratynlygyny, dil baýlygynyň çäksiz mümkinçiliklerini, sözleriniň gadymylygyny görkezýär. Maldarçylyk bilen baglanyşykly sözler türkmen diliniň sözlük düzüminde ýüzlerçe ýyllaryň dowamynda ulanylyp gelýär. Ol sözler birbada kär-hünär sözleri hökmünde ýüze çykman, maldarçylygyň kär görnüşinde durmuşa ornaşanyndan soň kär-hünär sözlerine öwrülipdir.

Magtymgulynyň goşgularyndan alnan mysallarda ýaby, bedew, at, eşek, koý (goýun), guzy, dowar, ner, bugra, goç, şütür ýaly maldarçylyk bilen bagly sözler yzygiderli duş gelinýär. Bu sözleriň käbiri, mysal üçin ner, bugra, şütür sözleriniň az-kem düşnüksiz bolmagy mümkin. Olaryň hemmesi düýedarçylyk bilen bagly sözlerdir. Ner – arwana bilen bugradan bolan erkek düýe. Bugra –  iki örküçli düýe, aýry. «Şütür» sözi hem umuman, düýäni aňladýar. Gadymy türkmen ölçeglerinde bir düýe ýüküne «şütürbar» diýilýär eken.

Amangeldi  Hojamberdiýew,

S.A.Nyýazow adyndaky

Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.

 

 

Fransiýanyň ikinji zenan hökümet başlygy

Ýene-de okaň

Türkmen-özbek dostlugy mizemezdir

Dil öwrenmegiň döwrebap usulyýeti

Ata Watan Eserleri

Il saglygy — döwlet syýasatynyň derwaýys ugry

Körpeleriň pikirleniş endigini ösdürmekden sanawaçlaryň ähmiýeti

Ata Watan Eserleri

Halk döredijiligi – milli mirasymyzyň hazynasy

Sagdynlyk ynsan durmuşynyň bezegi