JEMGYÝET

Magtymguly Pyragynyň özbek diline terjime edilen goşgular ýygyndysy tanyşdyryldy

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda gündogaryň beýik akyldary, dana şahyr Magtymguly Pyragynyň goşgular ýygyndysynyň özbek diline terjime edilmegine bagyşlanan tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Bu dabara mynasybetli institutyň baş binasynda türkmen hem-de özbek halklarynyň medeni gymmatlyklary görkezilýän sergi hem gurnaldy. Iki doganlyk halklaryň gymmatly medeni mirasyny şöhlelendirýän bu sergi dabara gatnaşyjylarda ýakymly täsir galdyrdy.
Dabaranyň dowamynda Özbegistan Respublikasynyň Ylymlar akademiýasynyň wise-prezidenti Bahrom Abduhalimow, Özbegistan Respublikasynyň Ýazyjylar birleşmesiniň başlygynyň orunbasary Gaýrat Majidow, Mirzo-ulugbek adyndaky Özbegistan milli uniwersitetiniň rektory Inom Majidow, Alişer Nowaýy adyndaky Özbek dili we edebiýaty uniwersitetiniň professory Bahodir Karimow, Özbegistan Respublikasynyň Ylymlar akademiýasynyň Özbek dili we edebiýaty halk döredijiligi institutynyň ylmy işgäri Ergaş Oçilow, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň müdiri, professor Atajan Burunow, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň alym kätibi Kakajan Janbekow, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasynyň uly mugallymy Oguloraz Eýeberdiýewa dagy çykyş etdiler. Çykyşlarda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary astynda geçýän 2024-nji ýylda beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň goşgular ýygyndysynyň özbek diline terjime edilmeginiň ähmiýeti dogrusynda giňişleýin gürrüň edildi.
Şeýle hem çykyşlarda şu ýylyň 11-nji oktýabrynda Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanyp ýokary derejede geçirilen «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy – parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara foruma gatnaşmak maksady bilen paýtagtymyza gelen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza özbek diline terjime edilen «Magtymguly» atly kitaby sowgat bermeginiň buýsandyryjy waka bolandygy bellenip geçildi. Dabarada çykyş edenler dünýäniň ençeme ýurtlary bilen bir hatarda Özbegistanda hem nusgawy şahyryň döredijiligine uly hormat goýulýandygyny, Özbegistanyň Prezidenti tarapyndan beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyny giňden bellemek hakynda Kararyň kabul edilendigini, akyldar şahyryň goşgular ýygyndysynyň özbek diline terjime edilmeginiň iki doganlyk halklaryň arasyndaky medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilýändiginiň aýdyň subutnamasy bolandygyny uly buýsanç bilen bellediler. Dabaranyň dowamynda Özbegistan Respublikasynyň sungat ussatlarynyň dürli aýdymdyr sazlary ýerine ýetirmekleri dabaranyň täsirini has hem artdyrdy.

Ýene-de okaň

Prezident Zardari: Türkmenistan bilen ykdysady gatnaşyklary ösdüreris

Aşgabatda Türkiýäniň eksport harytlarynyň sergisi geçiriler

Türkmenistan ŞHG-niň Hökümet Baştutanlarynyň sammitine gatnaşdy

Ata Watan Eserleri

BMG Türkmenistanyň raýatsyzlygy ýok etmekdäki goşandyna ýokary baha berdi

Türkmenistanyň daşary işler ministri Pakistanyň Premýer-ministri bilen duşuşdy

Türkmen wekiliýeti Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary komissarynyň ýerine ýetiriji komitetiniň 75-nji mejlisine gatnaşýar