SIZDEN GELENLER

Magtymguly Pyragynyň milli mirasyna belent sarpa

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Ber­di­mu­ha­me­do­wyň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da ýur­du­myz be­ýik ösüş­le­re eýe bol­ýar. Mil­li me­de­ni­ýe­ti­mi­zi dün­ýä ýaý­mak­da, nus­ga­wy ede­bi­ýa­ty­my­zy öw­ren­mek­de uly iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­lyn­da nus­ga­wy ede­bi­ýa­ty­my­zy öw­ren­mä­ge we ýaş ne­sil­le­re wa­gyz et­mä­ge giň müm­kin­çi­lik­ler dö­re­dil­di.

Häzirki ajaýyp döwrümizde milli medeniýetimiz dünýä ýaýylýar, nusgawy edebiýatymyzyň eserleri okyjylara ýetirilýär. Milli mirasymyzyň gymmatlygy hökmünde görülýän nusgawy edebiýatymyz nesilden-nesle geçip, biziň günlerimizde hem şöhratlanýar. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň ajaýyp döredijiligi bu günki gün diňe bir halkymyzy däl, eýsem, dünýä okyjylaryny hem gyzyklandyrýar.

Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň dö­re­di­ji­li­gi hal­ky­my­zyň mil­li me­de­ni­ýe­ti­niň we däp-des­sur­la­ry­nyň gym­mat­ly­gy­ny pel­se­pe­wi pi­kir­ler­de jem­le­ýär. Şo­nuň üçin hem akyl­da­ryň eser­le­ri­ni mil­li me­de­ni­ýet­imi­ziň öze­ni ha­sap­la­ýa­rys, bu pi­kir­le­ri, pa­ra­sat­ly söz­le­ri ýaş ne­sil­le­re wa­gyz ed­ýä­ris. Bag­ty­ýar ne­sil­le­riň akyl­dar şa­hy­ra bo­lan ägirt uly söý­gü­si­ni, ba­ha­sy­na ýe­tip bol­ma­jak ru­hy gym­mat­lyk­la­ry­ny, ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň sars­maz türk­men bi­na­sy­nyň do­wa­mat-do­wam­dy­gy­ny gör­mek bagt­dyr, bag­ty­ýar­lyk­dyr. Akyl­dar şa­hy­ryň ar­zuw­lan aja­ýyp za­ma­na­sy bo­lan hä­zir­ki döw­rü­miz­de mil­li me­de­ni­ýe­ti­miz dün­ýä ýa­ýyl­ýar.

Gündogaryň görnükli şahsyýeti bolan Magtymguly Pyragynyň medeni mirasynyň binýady kanunçylyk namasy bilen berkidildi. Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan ““Magtymguly Pyragynyň medeni mirasy hakynda” Türkmenistanyň Kanuny taýýarlandy. Bu kanunçyl yk namasy hormatly Prezidentimiz tarapyndan gol çekilenden soňra güýje girdi.

Şoňa görä, şu kanunçylyk namasy Gündogaryň beýik akyldar şahyry, pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragynyň medeni mirasyny toplamak, ylmy taýdan barlamak, aýawly saklamak, goramak, öwrenmek, wagyz etmek ulgamynyň kämilleşdirilmeginiň hukuk esaslaryny belleýär hem-de şu babatda ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirýär.

Şeýle hem kanunyň 1-nji babynyň “Umumy düzgünler” bölüminde bellenilip geçilişi ýaly, şu Kanun esasynda Magtymguly Pyragynyň medeni mirasy milli medeni gymmatlyk hökmünde döwletiň we türkmen halkynyň ruhy hazynasy diýlip ykrar edilýär.

Mundan başga-da, Magtymguly Pyragynyň medeni mirasy döwlet tarapyndan goralýar. Magtymguly Pyragynyň medeni mirasyna zyýan ýetirilmegine, onuň at-abraýynyň we mertebesiniň kemsidilmegine ýol berilmeýär. Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi bilen bagly günler kanunçylyk esasynda bellenilýär.  “Magtymguly Pyragynyň medeni mirasy hakynda” Türkmenistanyň Kanuny 4 bapdan we 18 maddadan ybaratdyr.

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň bellenýän ýylynda bu kanunçylyk namasynyň kabul edilmeginde çuňňur many bar. Kanunçylyk namasy türkmen halkynyň taryhynda we edebiýatynda öçmejek yz goýan beýik nusgawy şahyr Magtymguly Pyragynyň döredijiligine goýlan belent sarpadan we hormatdan nyşandyr.

Türkmen nusgawy edebiýatynyň ösmegine goşant goşan Magtymguly Pyragynyň eserleri gymmatly hazynadyr. Akyldar şahyr ajaýyp goşgulary bilen diňe bir türkmen edebiýatyny däl, eýsem, Gündogar edebiýatyny-da baýlaşdyran şahyrdyr. Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň giňden baýram edilýän häzirki günlerde ata Watanymyzda we daşary ýurtlarda giňden ýaýbaňlandyrylan baý many-mazmunly dürli çäreler beýik söz ussadymyzyň adamzadyň ruhy medeniýetiniň hazynasyna giren baý edebi mirasyny öwrenmekde hem-de giňden wagyz etmekde örän terbiýeçilik ähmiýetli bolup durýar.

Gülnur Hojaýewa,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby. 

Ýene-de okaň

Türkmen–rus gatnaşyklarynda daşary ýurt dilleriniň ähmiýeti

“Hakyda göwheri” – milli mirasymyzyň şöhratly ýoly

“Magtymguly–dünýäniň akyldary”

Saglyga sarpa – durmuşa sarpa

Saglyk – bagtyýar ýaşaýşyň gözbaşy

2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly

Ata Watan Eserleri