JEMGYÝET

Magtymguly Pyragynyň ermeni diline terjime edilen goşgular ýygyndysy tanyşdyryldy

2024-nji ýylyň 10-14-nji oktýabry aralygynda Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Waagn Haçaturýan Türkmenistana türkmeniň nusgawy şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli geçirilýän «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara foruma gatnaşmak üçin iş sapar bilen geldi.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan bilen Ermenistan Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň 9-njy oktýabrynda ýola goýuldy. Şu döwürden häzirki wagta çenli iki döwletiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ähli ugurlary boýunça hukuk binýady ýola goýuldy.

2024-nji ýylyň 12-nji oktýabrynda Ermenistan Respublikasynyň Prezidentiniň ýurdumyza iş saparynyň çäginde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Magtymguly Pyragynyň ermeni diline terjime edilen goşgular ýygyndysynyň tanyşdyryş dabarasy hem-de talyp ýaşlaryň we professor-mugallymlaryň öňünde çykyşy boldy.

Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Waagn Haçaturýan talyplaryň öňünde Ermenistanyň taryhy, daşary syýasatynyň aýratynlyklary, türkmen-ermeni gatnaşyklary barada çuňňur manyly çykyş etdi. Belent mertebeli Prezident çykyşynyň dowamynda Magtymguly Pyragynyň ermeni dilindäki goşgular ýygyndysynyň terjime edilen kitabyny tanyşdyrmagy has-da täsirli boldy.

Duşuşykda Ermenistan Respublikasynyň daşary işler ministriniň orunbasary Mnasakan Safarýanyň, Türkmenistanyň bilim ministri Jumamyrat Gurbandeldiýewiň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institytynyň rektory Gülşat Ýusupowanyň çykyşlary diňlenildi. Çykyşlarda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary astynda geçýän 2024-nji ýylda akyldar şahyryň goşgularynyň ermeni diline terjime edilmeginiň ähmiýeti dogrusynda giňişleýin gürrüň edildi. Munuň özi beýik türkmen akyldaryna ermeni halky tarapyndan goýulýan uly sarpanyň nyşanydyr diýip, çykyş edenler bellediler.

Ýene-de okaň

BMG Türkmenistanyň raýatsyzlygy ýok etmekdäki goşandyna ýokary baha berdi

Türkmenistanyň daşary işler ministri Pakistanyň Premýer-ministri bilen duşuşdy

Türkmen wekiliýeti Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary komissarynyň ýerine ýetiriji komitetiniň 75-nji mejlisine gatnaşýar

Merkezi Aziýanyň we Koreýa Respublikasynyň parlament ýolbaşçylarynyň ikinji duşuşygy

Özbegistan Prezidenti Türkmenistandaky foruma ýokary baha berdi

Mongoliýanyň Prezidentiniň Türkmenistana döwlet sapary tamamlandy