JEMGYÝET

«Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly döredildi

Mejlisiň Başlygy D. Gulmanowa Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny bellemek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň kabul eden Kararyna laýyklykda geçirilýän toplumlaýyn işler barada maglumat berdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna «Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny döretmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow häzirki wagtda ýurdumyzda we onuň çäklerinden daşarda şahyryň gymmatly edebi mirasyny öwrenmek hem-de dünýä jemgyýetçiligine ýetirmek maksady bilen toplumlaýyn işleriň alnyp barylýandygyny belläp, hödürlenen Kanuna gol çekdi.

Döwlet Baştutanymyz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, häzirki döwürde Magtymguly Pyragynyň baý edebi mirasyny öwrenmek, dünýä jemgyýetçiligine wagyz etmek boýunça uly işleriň alnyp barylýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda bu işleri mynasyp dowam etdirmek maksady bilen, «Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny döretmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna gol çekdi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti tebigy gazyň eksport möçberini artdyrmagy tabşyrdy

Ata Watan Eserleri

Türkmen döwlet maliýe institutyna täze rektor bellendi

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutyna täze rektor bellendi

Türkmenistanyň Prezidenti Braziliýanyň Baştutanyny diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllygy bilen gutlady

Türkmenistanyň başlangyjy bilen “Merkezi Aziýa+ASEAN” formatyny dörediler

Atagulyýew: Türkmenistan ulag geçelgeleriniň ösüşine aýratyn ähmiýet berýär