MEDENIÝET

Magtymguly Pyragyny gören şatut

Gojaman Jeýhuny ýakalap oturan Idris baba medresesine baranyňda, ilki bilen, ol ýerdäki taryhyň kän wakalaryny özünde saklap tut agajyna gözüň düşýär. Bu keramatly topraga zyýarata baranlar hem şatuduň taryhy bilen hökman gyzyklanýarlar. Oba ilaty «Bu tut agajyny medresäniň hatdaty Nyýazguly halypa ekipdir» diýip gürrüň edýärler. Şeýle bolsa, bu gadymy agaç 300 ýyl dagy ýaşandyr, belki, ruhy atamyz Magtymguly ýaşytdaşdyr. Pyragynyň okan ýyllarynda bu tut şaha ýaýyp, saýa salan, bol hasyl getiren agaç bolmaly. Akyldar şahyrymyz onuň saýasynda oturyp, ajaýyp eserleriň, gör, näçesini döredendir, miwesinden dadyp görendir oýlanýarsyň. Garrylyk müçesine ýeten oba adamlary ýetginjek wagtlary goja tuduň süýji tagamly tudanalaryny iýip hezil edendiklerini ýatlaýarlar. Asyrlaryň şaýady bolan bu şatudy keramatly hasaplaýarlar.  Bu barada Kerki etrabynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň hünärmeni Juma Ýazmyradowyň “Türkmenistan” gazetindäki makalasynda bellenilip geçilýär.

Idris baba medresesine zyýarata barýanlaryň yzy üzülmeýär. Diňe bir Lebap welaýatynyň ýaşaýjylary däl, oňa paýtagtymyzdan hem, ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan hem barýanlar kän. Oba adamlary bu ýere goňşy Owganystandan, Özbegistandan, Täjigistandan, şeýle-de Saud Arabystanyndan, Siriýadan, Beýik Britaniýadan hem zyýaratçylaryň gelendiklerini aýdýarlar. Diýmek, Magtymguly atamyzyň gadamy düşen keramatly topragyň at-owazasy äleme aýan bolandyr.

Idris baba medresesi XVII asyrda öz döwrüniň derwüşçilik akymynyň uly wekili bolan Idris Muhammet ogly tarapyndan bina edilipdir. Medresäniň ýigrimi dört sany hüjresi, daşyna belent haýat aýlanan howlusy, onuň dört burçunda hem belent diňleri bolupdyr. Amyderýanyň öz hanasyna sygman, wagtal-wagtal joşmasy onuň diňlerini pagyş-para edipdir. Ýöne medresä welin, hiç hili zyýan ýetirip bilmändir. Bu-da bir gudrat! Täzeden timarlanyp bejerilen medrese geçmiş taryhymyzdan ýadygär bolup, üýtgeşik binagärlik keşbi we ajaýyp nagyş-bezegleri bilen göreniň ünsüni özüne çekýär. Ýaşuly nesliň gürrüňlerine görä, Idris baba asly gadymy Ürgençden bolan, diýseň okumyş, sowatly kişi eken. Sahylykda tanalypdyr. Gün-güzerany pes bolan talyplaryna, oba adamlaryna kömek edipdir. Bu medresede ylmyny çykyp, taplanyp, kämilleşip giden talyplar kän bolupdyr. Şolaryň biri-de Magtymguly atamyzdyr. Ilki pederi Döwletmämmet Azadynyň edep-terbiýesini alan, ondan ylym-bilim öwrenen şahyr soňra oba mekdebinde, Nyýaz Salyh mollanyň elinde okapdyr. Nyýaz Salyhdan soňra bolsa Idris baba medresesine okamaga gelipdir. Idris babanyň berýän dersleri onda uly täsirleri galdyrypdyr.

…Obadan çykyp, asfalt düşelen täze ýol bilen Jeýhun derýasyna baka ugur alsaň, medresäniň gadymy ymaraty hem-de onuň öňündäki gojaman şatut seleňläp görünýär. Şol pursat beýik söz ussady Magtymguly atamyzyň keşbi göz öňüňde janlanýar. Onuň ýörän ýolundan ýöräp, gözi bilen gören mukaddesliklerine zyýarat etmek üýtgeşik duýgyny bagyşlaýar.

 

Birža täzelikleri: owgan telekeçileri nebit önümlerini satyn aldy

 

Ýene-de okaň

Türkmenabatda bilelikdäki türkmen-özbek konserti geçirildi

“Gladiator 2” ilkinji hepdesinde rekord goýdy

Ýurdumyzda Özbegistan Respublikasynyň Medeniýet günleri geçirilýär

“Älem gözeli-2024” ýeňijisi belli boldy

Aşgabatda TÜRKSOÝ-a agza ýurtlaryň kinematograflarynyň duşuşygy geçirildi

Ata Watan Eserleri

Iňlis ýazyjy Buker baýragyna mynasyp boldy