Türkmenistanly we özbegistanly kino ussatlary tarapyndan bilelikde surata düşürilen «Magtymguly Pyragy» atly çeper film Özbegistanyň “Altyn Humo” (Олтин Хумо) milli kino baýragyny gazanmak boýunça bäsleşikde “Iň gowy film” baýragyna mynasyp boldy.
Filmiň režissýory özbegistanly Muzaffar Erkinowa öz ýurdunyň bu abraýly baýragy gowşuryldy. Şeýlelikde, «Magtymguly Pyragy» atly çeper filminiň gazanan bu üstünligi türkmen-özbek dostlugynyň nobatdaky subutnamasy boldy.
«Magtymguly Pyragy» atly çeper filmi mundan ozal, Bolgariýada, Londonda we Kazanda baýraklara mynasyp bolupdy. Mundan başga-da, «Magtymguly Pyragy» filmi IV «Gorkut ata» halkara kinofestiwalynyň iň gowy çeper filmi hökmünde ykrar edilipdi.
Filmiň wakalary XVIII asyrda bolup geçýär. Onda türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň durmuşy, onuň Buharadaky «Gögeldaş» medresesinde we Hywadaky «Şirgazy han» medresesinde ylym alan döwri tomaşaçylaryň öňünde janlandyrylýar.
Filmiň režissýory özbegistanly Muzaffar Erkinow bolup, baş keşbi türkmen aktýory Ahmet Amandurdyýew ýerine ýetirdi. Şahyryň kakasy Döwletmämmet Azadynyň keşbini bolsa Türkmenistanyň halk artisti Çary Berdiýew janlandyrdy.

Mälim bolşy ýaly, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli iki goňşy ýurduň, ýagny Özbegistanyň hem-de Türkmenistanyň kinematograflarynyň gatnaşmagynda türkmen halkynyň beýik şahyry, akyldary Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligine bagyşlanan uly göwrümli çeper film surata düşürildi.
Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň Karary esasynda Özbegistan Respublikasynda hem Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy giňden bellenilip geçildi. Özbegistanyň Kinematografiýa agentliginiň, Türkmenistanyň Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi hem-de Özbegistanyň Milli kinematografiýany ösdürmek boýunça merkeziniň goldaw bermeginde özbek režissýory Muzaffarhon Erkinow tarapyndan surata düşürilen “Magtymguly Pyragy” filmi daşary ýurtlarda hem uly gyzyklanma eýe bolýar.
