Beýik akyldar Magtymguly Pyragy türkmeniň keramatly ruhunyň kuwwatly sütünidir. “Dile gelen sözleri köňül nagşy edip, taraşlap şagladan” Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň özeni türkmeniň gadymy hem baý halk döredijiligi bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Halkyň dünýä hakyndaky oýlanmalary, dünýä düşünmeleri ähli çuňlugy we danalygy bilen şahyryň döredijiligine siňipdir. Ol öz ykbalyny bagyş eden işinde günbe-günden kämilleşip, öz döwrüniň ussat şahyry hökmünde halkyň söýgüsini gazanypdyr.
Magtymgulynyň dürdäne sözleri, pähim-paýhasa ýugrulan ajaýyp şygyrlary Gündogar poýeziýasynyň ägirt uly ussatlary Firdöwsi, Nyzamy, Nowaýy, Sagdy, Hafyz ýaly beýik şahyrlaryň eserlerini ýadyňa salýar. Şeýle bolmagyna garamazdan, Magtymgulynyň eserlerinde okyjy köpçüligine doly düşnükli bolmadyk sözleriň, taryhy, geografik we dini aňlatmalaryň hem az däldigi bellidir. Şu zatlary bilmezden, şahyryň eserleriniň doly manysyna düşünmek, çeperçilik aýratynlygyny, dünýägaraýşyny ýüze çykarmak mümkin däl.
Mälim bolşy ýaly, beýik akyldaryň eserleriniň öz golýazmasy ýa-da ondan göçürilen nusgasy bize gelip ýetmändir. Gelip ýeten golýazmalary göçürenler dürli sebäplere görä göçürme tektlere üýtgeşmeler girizipdirler. Olaryň ençemesi göçürýän tekstlerini kä halatda özleriçe ony üýtgedipdirler. Bu hili üýtgetmeler göçürijileriň subýektiw garaýyşlaryna hem bagly bolupdyr.
Magtymgulynyň goşgulary halk arasynda juda köp ýaýrapdyr. Onuň eserleri köpçüligiň ýüreginden turanlygy sebäpli, dilden-dile geçişi ýaly, onuň diwanynyň golýazmasy-da elden-ele aýlanypdyr. Munuň özi halkyň öz beýik şahyryna goýan hormatynyň nyşanasydyr. Emma şol prosesde Magtymgulynyň goşgy setirleri birnäçe görnüşe eýe bolupdyr. Belli bir söz ýa-da setir bir kitapda ýa-da golýazmada bir görnüşde gelse, başga bir ýerde ikinji şekilde gabat gelýär. Muňa degişli şeýle mysallar getirmek mümkin. Akyldaryň “Gökje kepderi” atly eserindäki “Taýr ederdim her ýana” diýen setir käbir golýazmalarda “Seýr ederdim her ýana” görnüşinde duş gelýär. “Gyzmaly boldum” goşgusyndaky “Hekgak dek eýleýip gazmaly boldum” diýen setir “Hekaýat eýleýip ýazmaly boldum” ýa-da “hekgaklyk eýleýip, gazmaly boldum” ýaly görnüşde berilýär. Şunuň ýaly-da “Jan içinde” atly goşgudaky:
Ishak aýdar: “Pakyr men,
Gullugyma hakyr men”
diýen beýtde gelýän “hakyr” sözi käbir çeşmelerde “mukyr” (boýun) görnüşde gabat gelýär. Akyldaryň goşgularynda üç görnüşe eýe bolan sözler hem az däl. “Ýagşy-ýaman sözüm köpdür, gülüşmäň” diýen setirdäki “gülüşmäň” diýen söz bir ýerde “talaşmaň” şekilinde gelse, başga bir ýerde “galyşmaň” görnüşinde berilýär. Magtymgulynyň goşgularynda hatda käbir setiriň bäş görnüşde hem berilýär. Meselem:
Suratym niýete görä, istihanym häk ola.
Suratym ne syna dared, istihanym häk ola.
Suratym nisýandadyr, istihanym häk ola.
Suratym niste bara, istihanym häk ola.
Suratym tene derada, istihanym häk ola. [2, 9 sah]
Akyldar şahyryň kalplara kuwwat berýän, adamzady ynsanperwerlige, hoşniýetlilige, ahlak arassalygyna, ruhubelentlige, agzybirlige çagyrýan akyl-parasada ýugrulan dürdäne setirleri türkmen halkynyň egsilmez ruhy gymmatlygydyr, tükeniksiz hazynasydyr. Ol hazynanyň gymmatyna düşünmek, akyl ýetirmek üçin, onuň ynsan aladasyna ýugrulan dürdäne pentlerini öz içine alýan şygyrlaryny näçe gaýtalap okasaň, her gezegem täze pikiriň üstünden barylýar. Akyldaryň köptaraply döwredijiliginiň agramly bölegini il-ýurt, watançylyk, erkinlik, agzybirlik, birleşip bütewi döwlet gurmak, ony adyl şanyň dolandyrmagy ýaly düýpli meseleleriň orun tutmagy döwrüň talaby, halkyň erk-islegine baglydy. Agzybirlik her döwürde-de asuda ýaşaýşyň, rysgal-berekediň gözbaşydy. Diňe agzybirlik, birleşmek ýoly bilen ýagty geljege baryp bolýardy.
Magtymguly Pyragy öz döwrüniň öne süren ýiti meseleleriniň oňyn çözgüdini gözläp, durmuşda bolýan nogsanlyklary, olaryň pajygaly netijelerini ýürek hesreti bilen berk ýazgarypdyr. Türkmenleriň bir döwlete birikmek, goňşy halklar bilen dostlukly ýaşaşmak ideýasy şahyryň eserleriniň süňňüne ornaşypdyr. Magtymguly Pyragynyň türkmen halkynyň öňündäki iň uly hyzmatlarynyň biri onuň agzybirlik ugrundaky tagallasydyr. Berkarar döwleti döretmek barada arzuw eden beýik şahyryň we akyldaryň röwşen umyt-ideýalarynyň hakdygyny taryh subut etdi.
Örän çylşyrymly döwürde ýaşan Magtymguly öz döwrüniň her bir nogsanlyklaryna, ýaramaz hadysalaryna ýakyndan seslenipdir, olary köňül eleginden geçirip, olaryň öňüni almagy öz döwrüniň esasy wezipesi hasap edipdir hem-de türkmenleri agzybirlige, özara birleşip döwlet döretmäge çagyrypdyr.
Ol özüniň ajaýyp goşgy setirlerinde şeýle belläp geçýär:
Köňüller, ýürekler, bir bölüp başlar,
Tartsa ýygyn, erär topraklar-daşlar,
Bir suprada tayýar kylynsa aşlar,
Göteriler ol ykbaly türkmeniň.[1, 76sah]
Ýa-da
Pyragy, yşka ugraşdym,
Derýa girdim, möwje düşdüm,
Hor galamsyn puşdan-puştum
Berkarar döwlet islärin.
Ýa-da
Gurdugym aslynda bilgil, bu zeminiň myhydyr,
Erer ol erkin mydam, budur türkmen binasy.
Magtymguly il-gününi, Watanyny diňe bir gowy görmek bilen çäklenmän, onuň özbaşdaklygyny saklamak, gerek bolsa janyny gurban etmek ýaly watançylyk pikirlerini öňe sürüpdir. Şonuň üçin ýigidiň edermenligini, mertligini, Watan bähbidini il-halk bähbidi bilen içgin baglanyşdyrýar. Şu jähetden ol halkyň erkin durmuşy ugrunda gaýratly göreşen ýigitleri wasp edip, gara nebislerine hyzmat eden namartlary, gorkaklary bolsa pugta ýazgarýar. Akyldaryň “Başy gerekdir” goşgusy hem muňa aýdyň mysaldyr:
Mert oldur ki, bola köňli rehimli,
Göwresi giň gerek, özi pähimli,
Giň ýerde garga deý bolsun wehimli,
Ýerinde hünäri, işi gerekdir.
Gaplaň kimin baryp girse meýdana,
Tilki kimin bazy berer her ýana,
Duranda gaýa dek durup merdana,
Alar ýerden at salyşy gerekdir. [1, 82sah]
Ýa-da
Il içinde özün öwer,
Dil duşmany başdan agar,
Ýagyda nogsany deger,
Namartlar ýoldaş olmasyn.
– ýaly setirleriň üsti bilen akyldar şahyrymyz namart ýoldaşyň ähli ýerde zyýanynyň degjekdigini, öwünjeň, ýaramaz häsiýetli ýoldaşlardan daşda durmagy maslahat berýär.
Magtymgulynyň şygyrlarynda söýgi, ynam, ylham möwç urýar. Ynsana, ýaşaýşa hoşniýetli garaýşy, öz halkynyň taryhyna buýsanjy, ýagşy gylykly adamlara hoşallygy, ajap zamananyň geljegine ynamy bu günki gün şahyryň akyl-paýhasynyň dürdänesine öwrülip, älem giňişligine ýaýylýar. Şahyryň şygyrlaryndaky çäksizlik düşünjesi bakylyga eýe bolmagyň ilkinji şertidir. Şeýlelikde, döwlet, bitewülik babatda orta atýan pikirleriniň esasynda gelen netijesi şahyryň döwür we adam bilen bagly pikirleriniň sazlaşykly gurluşyny emele getirýär. Dürdäne döredijiliginiň beýleki ugurlary bilen bir hatarda Magtymguly Pyragynyň nesil terbiýesi bilen bagly şygyrlary hem biziň häzirki günlerimizde-de öz gymmatlylygy bilen tapawutlanýar.
Şahyr “Görüm görülmegen ýerde” goşgusynda:
Yzzat, hormat, syn etmegin
Görüm görülmegen ýerde;
Akyl bolsaň, söz aýtmagyn,
Nobat berilmegen ýerde.
Akly ýagşylar unutmaz,
Gury agaja ýaprak bitmez,
Akylly är mesgen tutmaz,
Hulky söýülmegen ýerde. [3, 53sah]
Ýa-da
Mert ogludyr ile ýazar desterhan,
Dogry söz üstünde berer şirin jan,
Ömrüni ötgürer, diýmez bir ýalan,
Jäht eýläp, ýalan söz aýdyjy bolma-
diýse, “Düýşüne degmez” atly goşgusynda şeýle beýan edýär:
Ynjytsa ogul-gyz, ene-atasyn,
Toba kylmaý, Hak geçirmez hatasyn.
Şol sanda Pyragynyň goşgularynda sözlemegiň medeniýeti barada hem söz açylýar. Oňa şahyryň şeýle setirlerini mysal getirmek bolar:
Magtymguly, dostdan syryň gizleme,
Biwepadyr, nämähremi gözleme.
Ümsüm otur, halk içinde sözleme,
Sözlär bolsaň söz aslyna ýet ýagşy.
Ýa-da
Är ýigit balasy bara pur bolar,
Gamçysy elinde ýaman zor bolar,
Märeke görmegen ýigit har bolar,
Bolar-bolmaz sözi aýdyjy bolma.
Magtymguly Pyragynyň wesýet eden bahasyna ýetip bolmajak ruhy hazynasy halkyň taryhyny öwrenmekde, watansöýüjilik, edep-terbiýe, geljege bolan ymtylyşy, ylma-bilime söýgini döretmekde uly ähmiýete eýedir. Çünki onuň döredijiligi türkmen dilinde egsilmez çeperçilik baýlyklaryň bardygyny we dünýä şeýle ajaýyp şahyry beren halkyň beýik ruhy güýjüniň bolandygyny we dowam edýändigini görkezýär.
Bahar Baýmyradowa,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň mugallymy,
Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi.
