Lukmançylyk we fiziologiýa boýunça Nobel baýragy amerikaly alymlar Meri Brunkowa, Fred Ramsdella we ýaponiýaly alym Şimon Sakaguça immun ulgamy boýunça geçiren barlaglary üçin berildi.
Stokgolmdaky Nobel komiteti “Meri E. Brunkow, Fred Ramsdell we Şimon Sakaguti immun ulgamynyň bedene zyýan bermeginiň öňüni alýan periferiýa immun tolerantlygy bilen baglanyşykly täze açyşlary üçin 2025-nji ýylyň fiziologiýa we lukmançylyk boýunça Nobel baýragyna mynasyp boldular” – diýip habar berdi.
Metbugat beýanatynda bellenilip geçilişi ýaly, baýragyň eýeleri immun öýjükleriniň öz bedenine hüjüm etmeginiň öňüni alýan regulator T-öýjüklerini ýüze çykardylar.
Nobel komitetiniň başlygy Olle Kempe: “Olaryň açyşlary immun ulgamynyň nähili işleýändigini we näme üçin ählimizde agyr autoimmun keselleriň döremeýändigini düşünmegimizde möhüm rol oýnady.” – diýip, belledi.
Meri Brunkow (d. 1961) Sietldäki Ulgamlaýyn biologiýa institutynda işleýär. Fred Ramsdell (d. 1960) San-Fransiskodaky “Sonoma Biotherapeutics” kompaniýasynyň ylmy ýolbaşçysy. Şimon Sakaguti (d. 1951) bolsa Osaka uniwersitetinde işleýär.
Brunkow, Ramsdell we Sakaguti immun ulgamynyň kadalaşdyrylyşynyň esasy mehanizmlerini öwrenmeklige uly goşant goşdular. 1990-njy ýyllaryň ahyrynda olar biri-birinden garaşsyzlykda regulator T-limfositleriniň (Tregs) autoimmun keselleriniň öňüni almakda möhüm rol oýnaýandygyny anykladylar. Olaryň barlaglary FOXP3 genindäki mutasiýalaryň bu öýjükleriň ýitmegine we immun tolerantlygynyň agyr bozulmalarynyň döremegine getirýändigini görkezdi.
Lukmançylyk we fiziologiýa boýunça baýragyň eýelerini 1810-njy ýylda esaslandyrylan Stokgolmdaky Karolin Inistituty saýlaýar. Bu ugur boýunça baýrak 1901-nji ýyldan bäri berilýär.
2024-nji ýylda lukmançylyk we fiziologiýa boýunça Nobel baýragyna Amerikaly alymlar Wiktor Emboros we Gari Rawkan “genleriň kadalaşdyrylmagynda möhüm rol oýnaýan iň kiçi RNK molekulalarynyň täze topary bolan mikroRNK-nyň açylyşy” üçin mynasyp boldular.
NOBEL HEPDELIGI BAŞLADY
Fiziologiýa we lukmançylyk boýunça Nobel baýragynyň eýelerini yglan etmek bilen “Nobel hepdeligine” badalga berilýär.
7-nji oktýabrda fizika boýunça baýragyň eýesi yglan ediler, çarşenbe güni himiýa boýunça baýragyň eýesi, penşenbe güni bolsa edebiýat boýunça baýragyň eýesi yglan ediler.
Parahatçylyk baýragynyň eýesi anna güni, 10-njy oktýabrda Oslo şäherinde yglan ediler.
Alfred Nobeliň hatyrasyna ykdysady ylymlar boýunça Şwesiýanyň Banky tarapyndan 1969-njy ýyldan bäri berilýän baýrak bolsa indiki duşenbe, 13-nji oktýabrda yglan ediler.
Baýrak eýelerini sylaglamak dabarasy 10-njy dekabrda Stokgolmda geçirilýär.