SPORT

Lukas Waskes 29 ýaşady

Lukas Waskes şu gün 29 ýaşyny belleýär. “Real Madrid” toparynyň hüjümçisi 1991-nji ýylyň 1-nji iýulynda Ispaniýanyň Curtisde şäherinde dünýä indi. Ol häzirki wagtda birinji toparyň agzasydyr. Ol 201 oýuna gatnaşyp, toparyna 11 kubok almaga özüniň saldamly goşandyny goşdy. Olar:

3 gezek Çempionlar ligasy.

3 gezek Toparlar derejesinde dünýä çempionaty.

2 gezek Ýewropa Super kubogy.

1 gezek La Liga.

2 gezek Ispaniýa Super kubogy.

Şeýle hem ol toparynyň düzüminde 24 gezek tapawutlanmagy başardy. Lukas Waskesiň “Real Madrid” karýerasy 2007-nji ýylda, klubyň “Juvenil C” toparynda başlandy. Ýaşajyk oýunçy özüniň ýiti zehini, topa erkin erk edişi bilen toparda özüni aldyrdy. Şeýlelik bilen Lukas Waskes 2015-nji ýylyň tomsunda “Real Madridiň” birinji toparyna çykaryldy. Ol Ispaniýanyň milli ýygyndy toparynyň hem agzasydyr.

Ýene-de okaň

Futbol boýunça dünýä çempionaty: ähli gatnaşyjylar belli boldy

Türkiýä 24 ýyldan soňra dünýä çempionatyna gatnaşar

Ata Watan Eserleri

44 gün tälimçilik etdi

Türkiýäniň ýygyndysyna dünýä çempionatyna bir ädim galdy

Ata Watan Eserleri

Salah “Liwerpuldan” gidýär

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi