SPORT

“Liwerpulyň” çempionlygyna 2 tapgyr galdy

Angliýanyñ “Premýer ligasynyň” şu möwsümdäki çempiony 2 hepdeden soň mälim bolup biler. Häzir bu ugurda ynamly öňe barýan we ýeňişli ýollaryna dowam etdirýän “Liwerpul” futbol toparyny “Premýer liganyñ” ýeñijisi diýip hasaplamak üçin ýene iki tapgyr galdy. Häzirki wagtda “Premýer ligada” çempion bolmak üçin “Liwerpulyň” duşuşyklary has gyzykly bolsa gerek. Geçen tapgyrda “Mançester Siti” toparynyň “Mançester Ýunaýteddan” ýeñilmegi “Liwerpul” toparynyň işini birneme ýeňilleşdirdi.

SALAHYŇ 100-NJI DUŞUŞYGY

“Liwerpul” toparynyñ hüjümçisi Mohamed Salah toparyñ düzüminde 100-nji oýnuna çykyp, 70-nji goluny geçirdi. “Liwerpul” toparynyñ hüjümçileriniñ arasynda Salah birinji orny eýeleýär, ikinji orunda Fernando Torres 100 oýunda 63 gezek tapawutlanmagy başardy. Öz meýdançasynda 22 oýuny ýeñip, Angliýanyñ futbol taryhynda täze rekordy öz adyna ýazdyrdylar. Indiki duşuşygyny “Liwerpul” 21-nji martda “Kristal Pelas” topary bilen geçirer, şeýlelik bilen öz ýeñişine bir ädim ýakynlaşar.

Ýene-de okaň

Futbol boýunça dünýä çempionaty: ähli gatnaşyjylar belli boldy

Türkiýä 24 ýyldan soňra dünýä çempionatyna gatnaşar

Ata Watan Eserleri

44 gün tälimçilik etdi

Türkiýäniň ýygyndysyna dünýä çempionatyna bir ädim galdy

Ata Watan Eserleri

Salah “Liwerpuldan” gidýär

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi