SPORT

“Liwerpul” topary 20-nji çempionlygyny yglan etdi

Angliýanyň “Premýer-liga” futbol çempionatynyň 2024-2025-nji möwsüminiň çempiony belli boldy. Çempionatyň 34-nji tapgyrynda “Liwerpul” topary öz meýdançasynda “Tottenhem” toparyny 5:1 hasabynda utup, 5 ýyldan soňra täzeden çempion boldy.

Şeýlelikde, “Liwerpul” topary özüniň 20-nji çempionlygyny yglan etdi. Bu ugurda “Mançester Ýunaýted” bilen “Liwerpul” toparynyň özboluşly rekordy bolup, her iki topar 20 gezek çempion bolmagy başardy.

“Liwerpul” toparynyň baş tälimçisi Arne Slot hem rekord goýdy. Ol tälimçilige başlan ilkinji möwsüminde çempion bolmagy başaran tälimçileriň biri boldy. 

Çempionatyň tamamlanmagyna 4 hepde galandygyna garamazdan, ikinji orundaky “Arsenal” toparyndan arany açmagy başaran “Liwerpul” topary 5 ýyldan soňra täzeden çempionlygy yglan etdi.

Topar soňky gezek 2019-2020-nji möwsümde çempion bolupdy.

“Liwerpul” toparynyň müsürli futbolçysy Mohamed Salah hem rekordyň eýesi boldy. Ol Angliýanyň çempionatynda 185-nji goluny geçirdi we ol daşary ýurtly futbolçylaryň hatarynda çempionatda iň köp gol geçiren futbolçy boldy. Bu ugurda argentinaly Serhio Aguerony yzda galdyrdy.

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň futbol çempionaty – 2026: möwsümiň öňüsyrasy toparlar düzümlerini güýçlendirdiler

Türkmen küştçüleri Buharada üstünlikli çykyş etdiler

Merkezi Aziýada ilkinji gezek suwdaky «Formula-1» dünýä kubogy Yssykköl sebitinde geçiriler

«Arkadag» topary bassyr ikinji ýyl Türkmenistanyň Kubogyny gazandy

TFF-niň Kubogy: finalda “Arkadag” hem-de “Şagadam” toparlary duşuşar

2025-nji ýylyň jemleri: Elman Tagaýew möwsümiň “Iň ökde oýunçysy”