SPORT

Lionel Messi Amerikada “Altyn aýakgap” baýragyna mynasyp boldy

“Inter Maýami” toparynyň hüjümçisi Lionel Messi MLS yzygiderli çempionatynyň iň köp gol geçiren oýunçysy hökmünde “Altyn aýakgap” baýragyny aldy.

Bu baýrak pleý-off 1/8 final tapgyrynda “Neşwille” garşy geçirilýän oýundan öň gowşuryldy. Duşuşyk ABŞ-nyň Florida ştatynyň Fort-Loderdeýl şäherindäki “Cheys Stediýumda” geçirildi.

Bu duşuşyk 3:1 hasabynda “Inter Maýami” peýdasyna tamamlandy we duşuşykda Messi ýene-de 2 gol geçirdi.

38 ýaşly argentinaly futbolçy 28 oýunda 29 gol geçirdi we ýakyn bäsdeşleri — “Los-Anjeles” toparyndan Deni Buangadan hem-de “Neşwille” toparyndan Sam Sarrijiden bäş gol öňe saýlandy.

Messi 2023-nji ýylyň tomsyndan bäri “Inter Maýami” toparynda çykyş edýär. Şol döwürde ol ähli ýaryşlarda jemi 82 oýna gatnaşyp, 71 gol geçirdi we 37 gezek pas berdi. “Transfermarkt” portalynyň maglumatlaryna görä, onuň bazar bahasy 18 million ýewro diýlip hasaplanylýar.

Düýn Lionel Messi “Inter Maýami” topary bilen täze şertnama baglaşyp, 2028-nji ýyla çneli bu toparda glamgy meýilleşdirýär.

Ýene-de okaň

FIFA we Saud Arabystany ösüp barýan ýurtlara ýeňillikli karz berer

Tramp Ronaldo bilen duşuşdy

PSŽ-niň goragçysy Hakimi Afrikada ýylyň futbolçysy boldy

Kýurasao dünýä çempionatyna gatnaşýan iň az ilatly ýurt boldy

Ata Watan Eserleri

Dünýä çempionatyna gatnaşjak 42 milli ýygyndy belli boldy

Norwegiýa 27 ýyldan soň ilkinji gezek dünýä çempionatyna çykdy