JEMGYÝET

Leonid Anfimow: Türkmenistan Prezident saýlawlaryna taýýar

Türkmenistanda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Synçylar wekilligi öz işini alyp barýar. 2-nji martda Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary boýunça möhletinden öň ses bermek başlandy.

Şol gün GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň Başlygynyň — Ýerine ýetiriji sekretarynyň birinji orunbasary Leonid Anfimowyň ýolbaşçylygyndaky GDA-nyň halkara synçylary Aşgabat şäherindäki birnäçe saýlaw uçastoklaryny aýlanyp gördüler. Bu barada Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň resmi internet sahypasynda bellenilip geçilýär.

Synçylar Türkmenistanyň paýtagtyndaky saýlaw kompaniýasynyň ýokary derejede gurnalandygyny belledi. Synçylar toparynyň wekilleri saýlaw uçastoklarynda ses bermegiň şertleri bilen tanyşdylar, saýlaw uçastogyndaky agzalar bilen gürrüňdeş boldular.

Synçylar häzirki döwrüň şertlerine laýyklykda, öňüni alyş çäreleriň berk berjaý edilýändigini bellediler.

– Saýlaw uçastoklary içerki kanunçylygyň talaplaryna laýyklykda taýýarlanyldy we enjamlaşdyryldy. Bular diňe saýlaw uçastoklary däl, eýsem saýlawçylaryň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärleriň saýlaw maksatnamalary barada hem giň maglumat almaga mümkinçilik döredilen wagyz-ediş nokatlary hem bolup durýandygyny bellemek isleýärin. Saýlaw uçastoklarynda ýörite otaglar döredilip, ol ýerde hukuk resminamalary, kanunçylyk namalary we ilkinji nobatda Türkmenistanyň Konstitusiýasy we Saýlaw kodeksi ýerleşdirilipdir – diýip, Leonid Anfimow belläp geçýär.

 

Saýlaw-2022: halkara guramalaryndan synçylar çagyryldy

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygyna gynanç bildirdi

Azerbaýjanyň Prezidenti Türkmenistanyň Prezidentine hoşallyk hatyny iberdi

Azerbaýjanyň Prezidenti türkmen halkynyň Milli Liderine hoşallyk bildirdi

Hytaýda okamak isleýän türkmen ýaşlary üçin resminamalary kabul edişlik başlaýar

Ata Watan Eserleri

Wengriýada okamak isleýän türkmen ýaşlary üçin resminamalary kabul edişlik başlaýar

Ata Watan Eserleri

Aşgabat-Astana: resminamalaryň uly toplumyna gol çekildi

Ata Watan Eserleri