“Leýkers” toparynyň ýyldyz hüjümçisi Lebron Jeýms Los-Anjeles şäheriniň topary bilen şertnamasynyň möhletini 2025-nji ýyla çenli uzaltdy. Häzirki 1 ýyllyk şertnamanyň üsti ýene-de 2 ýyl bilen ýeitirildi. bu döwürde Jeýms 97,1 million dollar gazanar. Pul görkezijisiniň 111 milliona ýetmegi mümkin.
Bu 3 ýyl Lebronyň basketbol karýerasyndaky soňky ýyllar bolar. 4 gezek NBA-nyň çempiony bolan Lebron entegem basketbol üçin köp wagtyny sarp edýär. Şeýle hem ol kem-kemden işewürligini hem öňe çykaryp ugrady.
“Forbes” žurnalynyň maglumatyna görä, 37 ýaşly basketbolçynyň girdejisi 2021-nji ýyl boýunça 121,2 million dollara deň boldy. Lebronyň baýlygy 1 milliard dollara ýetdi. Bu hem oňa basketbol sporty bilen meşgullanýan döwründe milliarderleriň sanawyna giren ilkinji türgen boldy.
Lebrondan başgada baýlygyny 1 milliarda ýetiren başga basketbolçy Maýkl Jordandyr. Maýkl Jordan bu sepgide basketbol karýarasyny tamamlandan 11 ýyldan soňra baýlygyny 1 milliarda ýetiripdi.
