SPORT

LeBron Jeýms taryhy rekordy

NBA-nyň super ýyldyzy LeBron Jeýms taryhy rekordy täzeledi. Ol indi NBA-nyň taryhyndaky iň köp utuk geçiren basketbolçy boldy. Bu ugurda rowaýaty Karim Abdul-Jabbaryň rekordyny täzelemegi başardy. «LA Leýkersiň» ýyldyzy toparynyň «Oklahoma Siti Tander» bilen öz meýdançasynda geçiren duşuşygynyň 3-nji periodynyň tamamlanmagyna 10,9 sekunt galanda, 33 müň 388-nji utugyny geçirdi we Karim Abdul-Jabbaryň (33 müň 387) 39 ýyllyk rekordyny täzeledi.

Şol pursatda duşuşyk saklanyp (adatça NBA-da rekordlar täzelenende duşuşyklar togtadylýar), Karim Abdul-Jabbar simwolik ýagdaýda bastektbol topuny super ýyldyza berdi.

Maşgalasy bilen taryhy pursaty begenç gözýaşlaryny döküp, gutlan LeBron Jeýms öz hossarlary, şol sanda Karim Abdul-Jabbar bilen ýadygärlik surata düşdi. Şunlukda, duşuşygy 38 utuk bilen tamamlanan LeBron Jeýmsiň bu rekordy (33 müň 390) toparynyň ýeňlişiň öňüni alyp bilmedi.

Duşuşyk «Oklahoma Siti Tanderiň» 133:130 üstünligi bilen tamamlandy.

Ýene-de okaň

«Arkadag» topary bassyr ikinji ýyl Türkmenistanyň Kubogyny gazandy

TFF-niň Kubogy: finalda “Arkadag” hem-de “Şagadam” toparlary duşuşar

2025-nji ýylyň jemleri: Elman Tagaýew möwsümiň “Iň ökde oýunçysy”

Türkmenistanyň Kubogy ugrunda bäsleşik badalga aldy

Ýaşlaryň arasynda Türkmenistanyň birinjiliginiň senenamasy

Türkmenistanyň futbol çempionaty 4-nji aprelde badalga alar

Ata Watan Eserleri