BIZNES

Lebap welaýatynda täze suw desgalary ulanmaga berildi

Çärjew etrabynyň Talhanbazar geňeşliginde täze gurlan suwuň basyşyny ýokarlandyryjy bekediň hem-de agyz suw geçirijisiniň ulanmaga berilmegi mynasybetli guralan dabara toý şowhunyna beslendi. Täze desga etraba egin deňläp oturan Türkmenabat şäheriniň Azatlyk şäherçesiniň ýaşaýjylaryny has ýokary hilli, arassa agyz suwy bilen üpjün etmäge niýetlenendir. Desganyň gurluşyk işlerini «Ark» hususy kärhanasynyň hünärmenleri ýerine ýetirdiler.

Kuwwaty bir gije-gündizde 4,5 müň kub metr suwa barabar bolan desganyň tutýan meýdany 1,14 gektara ýetýär. Bekediň düzüminde suw göteriji 4 sany elektrik hereketlendirijisi gurnaldy. Her biri 1000 kub metrlik iki we 2500 kub metrlik sygymly bir howuz ýokary hil derejesinde guruldy. Suw geçiriji turbalaryň uzynlygy «Lebapwelaýatagyzsuw» birleşiginden tä täze bekede çenli 15,1, beketden şäherçäniň Bagtyýar nesil köçesine çenli bolsa 4,3 kilometre barabar boldy.

Desgada gurnalan iki sany kuwwatly elektrik bekedi onuň durnukly işini üpjün edýär, şeýle-de ätiýaçlyk hökmünde dizel ýangyjynda işleýän awtomatlaşdyrylan beket gurnaldy. Bu bolsa suw üpjünçiliginiň üznüksiz bolmagyny kepillendirýär.

Dabaranyň dowamynda täze desganyň gurulmagyna mynasyp goşant goşan gurluşykçylara hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Munuň özi gurluşykçylaryň halal zähmetine ýokary döwlet sarpasynyň nobatdaky nyşany boldy.

Ýene-de okaň

Aşgabatda “Hyzmatdaşlyk we ösüş” atly köpugurly halkara sergi geçirilýär

Türkmenistan bilen Azerbaýjan ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegi maslahatlaşdylar

Gruziýa türkmen nebitini satyn almagy meýilleşdirýär

Türkmenistanda 2026-njy ýylda şaly öndürmek hakyndaky resminama gol çekildi

Aşgabatda «Hyzmatdaşlyk we ösüş» atly köpugurly halkara sergi geçiriler

Türkmenistan Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna girişýär