JEMGYÝET

Lebap welaýatynda täze metjidiň düýbi tutuldy

 Lebap welaýatynyň Döwletli şäherçesinde täze metjidiň düýbi tutuldy. Ol birbada 300 adamyň namaza durmagy üçin niýetlenendir. Metjidiň ýanynda sadaka berilýän jaý hem gurlar. Jemi üç gektar meýdany eýelejek daşy abadanlaşdyrylan binalar 2024-nji ýylda ulanylmaga berler.

Bu ýerde metjit gurmak baradaky teklip şu ýylyň 3-nji maýynda geçirilen iş maslahatynda berlipdi. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow  ony goldapdy we bu ugurda halkyň islegine görä degişli işleri geçirmek boýunça tabşyryklary beripdi.

Döwletli etrabynda häzir ilatyň dini borçlaryny berjaý etmegi üçin namazhanalaryň 10-sy bar.

Mälim bolşy ýaly, golaýda Ahal welaýatynyň Änew şäherinde hem metjidiň gurluşygyna badalga berlipdi.

Änewde täze metjidiň gurluşygyna badalga berildi

147 ýyldan soňra yssy rekordy

Related posts

Howpsuzlyk we ösüş prosesinde zenanlaryň orny

vepa

Türkmenistanyň DIM-nde Gruziýanyň Parlamentiniň başlygy bilen duşuşyk geçirildi

Mekgejöwen meýdançasyna gondy

vepa