MEDENIÝET

Lebap welaýatynda medeniýet hepdeligi geçirilýär

Lebap welaýatynda medeniýet hepdeligi başlady. Oňa gatnaşmak üçin Türkmenabat şäherine Aşgabat şäherinden we ähli welaýatlardan myhmanlar geldiler. Olaryň arasynda ýazyjylar, şahyrlar, medeniýet we sungat işgärleri bar.
Hepdeligiň dowamynda dowamynda dürli sergiler guralar, welaýatyň ýaşaýjylarynyň öňünde meşhur aýdymçylar, tans, folklor toparlary çykyş ederler. Ýazyjylar, şahyrlar bilen duşuşyklar geçiriler. Şonuň ýaly-da, çeper filmleriň ilkinji görkezilişi bolar, welaýatyň taryhy ýadygärliklerine gezelençler guralar. Žurnalistler üçin brifing ugramak hem göz öňünde tutulýar. Farap etrabynda çagalar seýilgähiniň açylmagyna hem garaşylýar.
Kerki howa menziliniň hem-de Türkmenabat şäherinde «Türkmeniň ak öýüniň» açylyş dabaralary hepdeligiň esasy wakalarynyň birine öwrüler.
Däbe öwrülen medeniýet hepdeligi her ýyl welaýatlaryň birinde we Aşgabat şäherinde geçirilýär. 2022-nji ýylda Medeniýet hepdeligini Mary welaýatynda guramak göz öňünde tutulýar.

 

Türkmenistan Russiýa tebigy gaz eksportuny ýokarlandyrdy

Ýene-de okaň

16-22-nji fewral: Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty

«Altyn asyr: Türkmenistan» teleradioýaýlymyna täze ýolbaşçy bellenildi

Ahyrky garagyş

Türkmenistanda 2-8-nji fewral aralygyndaky howa maglumaty

Ata Watan Eserleri

Daşoguz welaýatynda dessançy bagşylaryň festiwaly geçiriler

Aşgabatda hindi filmleriniň festiwaly başlady

Ata Watan Eserleri