Lebap welaýat häkimligi Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 4-nji martyndaky «Lebap welaýatynyň Çärjew, Saýat, Halaç we Kerki etraplarynda täze, döwrebap şäherçeleri gurmak hakynda» Kararyna hem-de «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda, aşakdaky binalaryň, desgalaryň we inženerçilik ulgamlarynyň gurluşyk-gurnama işlerini ýerine ýetirmäge isleg bildirýän ygtyýarnamaly, işjeňlik ukyplylygy, şeýle-de kuwwatlylygy ýokary hususy kärhanalary potratçy hökmünde işe çekýändigini habar berýär. Bu barada “Türkmenistan” gazetinde ýerleşdirilen bildirişde bellenilip geçilýär.
Çärjew şäherçesi boýunça
— 320 orunlyk çagalar bagy;
— etrabyň býujetden maliýeleşdirilýän dolandyryş edaralarynyň binasy;
— şäherçä barýan hem-de şäherçäniňiçerki agyz suw we lagym geçiriji ulgamlary;
— şäherçä barýan hem-de şäherçäniň içerki ýollary;
— şäherçäniň içerki gaz geçiriji ulgamlary;
— şäherçä barýan içerki elektrik geçiriji ulgamlary;
— şäherçä barýan daşarky elektrik geçiriji ulgamlary we kuwwatlylygy 25000 (110/10kWa) bolan 2 sany transformator bekedi.
Saýat şäherçesi boýunça
— 640 orunlyk iki sany orta mekdep;
— 320 orunlyk iki sany çagalar bagy;
— saglyk merkezi;
— şäherçä barýan daşarky elektrik geçiriji ulgamlary we kuwwatlylygy 25000 (110/10kWa) bolan 2 sany transformator bekedi;
— şäherçä barýan hem-de şäherçäniň içerki ýollary;
— şäherçäniň ýangyn howpsuzlyk bölümi;
— şäherçä barýan hem-de şäherçäniň içerki agyz suw we lagym geçiriji ulgamlary;
— şäherçäniň içerki gaz geçiriji ulgamlary;
— şäherçä barýan içerki elektrik geçiriji ulgamlary;
— lagym suwlaryny arassalaýjy desga.
Halaç şäherçesi boýunça
— Halaç etrabynyň täze şäherçesinde 320 orunlyk 2 sany çagalar bagy;
— şäherçä barýan daşarky elektrik geçiriji ulgamlary we kuwwatlylygy 25000 (110/10 kWa) bolan 2 sany transformator bekedi;
— şäherçä barýan hem-de şäherçäniň içerki ýollary;
— 640 orunlyk 2 sany orta mekdep;
— şäherçä barýan hem-de şäherçäniň içerki agyz suw we lagym geçiriji ulgamlary;
— şäherçäniň içerki gaz geçiriji ulgamlary;
— şäherçä barýan içerki elektrik geçiriji ulgamlary.
Kerki şäherçesi boýunça
— 640 orunlyk orta mekdep;
— 320 orunlyk çagalar bagy;
— şäherçäniň geňeşliginiň edara binasy;
— ýangyn howpsuzlyk bölümi;
— agyz suwlaryny arassalaýjy desga;
— lagym suwlaryny arassalaýjy desga;
— şäherçä barýan hem-de şäherçäniňiçerki agyz suw we lagym geçiriji ulgamlary;
— şäherçä barýan hem-de şäherçäniň içerki ýollary;
— şäherçäniň içerki gaz geçiriji ulgamy;
— şäherçä barýan içerki elektrik geçiriji ulgamlary;
— şäherçä barýan daşarky elektrik geçiriji ulgamlary we kuwwatlylygy 25000 (110/10 kWa) bolan 2 sany transformator bekedi.
Gaýry binalar we desgalar
- Dänew etrabynyň(öňki Galkynyş) Dänew şäherçesiniň hassahanasynyň durkuny täzelemek;
- Kerki (öňki Atamyrat) etrabynyň Gowak geňeşliginiň Gowak obasynda 160 orunlyk çagalar bagy;
- Halaç etrabynyň Esenguly geňeşliginiň Akýap obasynda 500 orunlyk orta mekdep;
- Darganata (öňki Birata) etrabynyň Lebap şäherçesinde 160 orunlyk çagalar bagynyň gurluşygy;
- Darganata etrabynyň Gazojak şäherçesiniň Şyharyk obasyndaky 160 orunlyk çagalar bagynyň gurluşygy;
- Halaç etrabynyň (öňki Garabekewül) Lamma geňeşliginiň Çakmak obasyndaky 500 orunlyk orta mekdebiň gurluşygy;
- Döwletli etrabynyň Daşrabat geňeşliginiň Güneşli obasynda 600 orunlyk orta mekdebiň gurluşygy;
- Türkmenabat şäherinde bejeriş-sagaldyş hassahanasynyň durkuny täzelemek;
- Farap etrabynyň Hojakenepsi geňeşliginiň Hojakenepsi obasynda saglyk merkeziniň durkuny täzelemek;
- Çärjew etrabynyň B.Myradow geňeşliginiň B.Mürzäýew obasynda saglyk öýüniň durkuny täzelemek;
- Saýat etrabynyň Merýe geňeşliginiň Alpan obasynda saglyk öýüniň durkuny täzelemek;
- Saýat etrabynyň Sakar şäherindäki hassahananyň durkuny täzelemek;
- Darganata etrabynyň täze döwrebap şäherçesiniň merkezi bug gazanhanasynyň gurluşygy;
- Lebap welaýatynyň Döwlet arhiwiniň binasynyň gurluşygy.
Habarlaşmak üçin telefonlar: 8422-3-20-47, 3-00-41.
Tehnologiýa dünýäsinde bolup geçýän wakalar we täze açyşlar bilen gyzyklanmaýan okyjy ýok bolsa gerek!