JEMGYÝET

Lebap welaýaty: 7 ýylda 43 bina gurlar

«Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyna» laýyklykda, ýurdumyzyň welaýatlarynda köp sanly desgalary gurmak meýilleşdirilýär.

“Türkmenistan” gazetindäki habara görä, Lebap welaýaty senagat we infrastruktura pudaklarynyň ösen sebitidir.

Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde welaýatda 2022 — 2028-nji ýyllarda 43 bina we desga gurlar. Olaryň hatarynda 3 sany hassahana, 5 sany saglyk öýi we merkezi, 6 sany mekdebe çenli ýaşly çagalar edarasy, 18 sany umumybilim berýän orta mekdep, 3 sany medeniýet öýi bar.

Lebap welaýatynda meýilleşdirilýän döwürde 304,79 kilometr suw geçiriji, 5 sany suw arassalaýjy desga, 78,62 kilometr lagym geçiriji, 3 sany lagym arassalaýjy desga, 769,07 kilometr awtomobil ýoly, 346,81 kilometr gaz geçiriji we 474,65 kilometr elektrik geçiriji gurlar.

Aragatnaşyk ulgamy boýunça 437,96 kilometr telefon ulgamy çekiler, şeýle hem 11184 sany telefon belgisi işe giriziler. Şu döwürde ýaşaýyş jaýlarynyň 725,5 müň inedördül metri gurlup, ulanmaga berler.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti Sigeru Isibany doglan güni bilen gutlady

Ata Watan Eserleri

Gazagystanyň Prezidenti Türkmenistanyň daşary işler ministrini kabul etdi

2025-nji ýyl üçin: Türkmenistan tarapyndan diplomy ykrar edilýän halkara uniwersitetler

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Gazagystan söwda dolanyşygyny 1 milliard dollara ýetirer

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň wekiliýeti Efiopiýa iş saparyny amala aşyrdy

“Galkynyş” topary 3 million manat pul baýragy bilen sylaglandy