DÜNÝÄ

Lawrow: türkmen talyplaryna ähli mümkinçilikler dörediler

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow hem-de wise-premýer, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy S.Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasyna amala aşyrýan saparynyň çäklerinde Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen gepleşikler geçirdi. Bu barada Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň resmi internet sahypasynda hem bellenilip geçilýär.

Bu duşuşykda çykyş eden rus daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Sergeý Lawrow  türkmen wekiliýetiniň Russiýa saparynyň duşuşyklara örän baý bolandygyny, Russiýanyň Hökümetiniň Başlygy M.Mişustin, Russiýanyň Howpsuzlyk Geňeşiniň Başlygynyň orunbasary D.Medwedew, Russiýanyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary A.Owerçuk bilen duşuşyklaryň geçirilendigini belledi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň türkmen-rus gatnaşyklary ösdürilmegi barada berýän ünsüne ýokary baha berýändiklerini bellän S.Lawrow Türkmen Lideriniň başlangyjy boýunça 2017-nji ýylda Aşgabatda strategik hyzmatdaşlyk boýunça ylalaşyga gol çekilendigini aýtdy.

Lawrow 2020-nji ýylda koronawirus pandemiýasyna garamazdan, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň üstünlikli dowam etdirilendigini, iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky 2019-2020-nji ýyllar boýunça hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň dolar ýerine ýetirilendigini mälim etdi.

Dünýä ykdysadyýetindäki durnuksyz ýagdaýa garamazdan, iki ýurduň arasynda haryt dolanyşygynyň 40 göterim ýokarlanandygyny bellän Lawrow 30-njy martda Sebitara hyzmatdaşlyga ýardam bermek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň arasyndaky Ylalaşyga gol çekilendigini we munuň gatnaşyklaryň has-da ösdürilmegine önjeýli goşant goşjakdygyny belledi.

– Biziň dostlugymyz we raýdaşlygymyz koronawirus ýokançlygyna garşy göreşde hem özüni doly görkezdi. Birek-birege kömek we goldaw berildi. Dostlukly nyşan hökmünde Astrahan sebitiniň zerurlyklary üçin Türkmenistanda öndürilen önümleri ibermek kararyňyz üçin minnetdarlyk bildirýäris. Bu gatnaşyklarymyzyň hakyky hilini görkezdi. Bilelikdäki tagallalar bilen pandemiýanyň netijelerini çalt ýeňip geçjekdigimize ynanýaryn – diýip, Lawrow öz çykyşynda aýtdy.

Lawrow çykyşynyň dowamynda medeniýet, ylym-bilim ugurlaryndaky hyzmatdaşlyk barada aýdyp, 2020-nji ýylda käbri çäreleri ýatyrylmaly bolandygyny, 2021-nji ýylda şol ýitirilen mümkinçilikleri täzeden ýola goýmagy göz öňünde tutulýandygyny, Türkmenistanda Medeniýet günleri, rus filmleriniň gününi geçirmek barada belläp geçdi.

Russiýanyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen talyplarynyň sanyny her ýyl artýandygyna ünsi çeken Lawrow, howa gatnawlaryndaky wagtlaýyn arakesmeleriň şertlerinde türkmen talyplarynyň okuwlaryny dowam etdirmegi, şol sanda uzagara şertlerinde okamaklary üçin ähli mümkinçilikleriň dörediljekdigini belledi.

 

Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň Dialogynyň jemleýji maslahatyna gatnaşdylar

Türkmenistanyň daşary ýurt ilçihanalarynda metbugat attaşesi wezipesi dörediler

Türkmenistan bilen TÜRKSOÝ köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyny pugtalandyrýar

Türkmen-özbek gatnaşyklarynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

Brýusselde Türkmenistan bilen ÝB-niň arasynda nobatdaky parlamentara duşuşygy geçirildi

Yrak Türkmenistana hemişelik ilçi bellär

Ata Watan Eserleri