DÜNÝÄ

Lawrow: Hazar sammitinde resminamalaryň “gowy bukjasy” kabul ediler

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow bılen Moskwada duşuşan Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň VI sammitinde resminamalaryň “gowy bukjasynyň” kabul edilmegine garaşylýandygyny belledi.

“TASS” habarlar gullugynyň habar bermegine görä, Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow Aşgabatda geçiriljek Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň VI sammitiniň netijeleri barada resminamalaryň “gowy bukjasynyň” ylalaşyljakdygyna umyt bildirdi.

– Elbetde, bizi baglanyşdyrýan ýene-de bir ugur Hazar deňzidir. Aşgabatda geçiriljek Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň VI sammitiniň taýýarlyk işleri jemleýji tapgyra girdi. Bu ýyl myhmansöýer Türkmenistanda bir ýere jemlenip, gepleşikleriň çäginde kabul edilen kararlary kabul edip bileris diýip umyt edýäris – diýip, Sergeý Lawrow belledi.

“Biz gepleşik etaby alyp barýarys we gutarnykly resminamalaryň gowy bukjasy barada ylalaşyp biljekdigimize ynanýaryn” -diýip, Russiýanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy belledi.

Üstümizdäki ýylda Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň VI sammitini Türkmenistanda geçirmek meýilleşdirilýär.

 

Lawrow: Türkmenistanyň Owganystandaky tagallalaryna ýokary baha berýäris

Ýene-de okaň

Aşgabatda “Merkezi Aziýa+Ýaponiýa” Dialogynyň birinji parlamentara forumyny geçirmek meýilleşdirilýär

Günorta Koreýanyň intellektual eýeçilik ministri Merkezi Aziýanyň ilçileri bilen duşuşdy

Türkmenistanyň ilçisi şagyzy Takamado bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleriniň ABŞ-a hünär alyş-çalyş okuw sapary

Türkmenistanyň ilçisi Rumyniýanyň daşary işler ministri bilen duşuşdy

«Artyk» hem-de «Garabogaz» gümrük nokatlary döwrebaplaşdyryldy