Las-Wegas şäherinde ýerleşýän we “Pawn Stars” teleýaýlym gepleşigi arkaly dünýäde giňden tanalýan “World Famous Gold & Silver Pawn Shop” dükanyna “Atavatan Media” tarapyndan ýörite sapar amala aşyryldy. Bu ýer diňe bir ýadygärlik maksatly sowgatlyklaryň görkezilýän ýeri bolman, eýsem seýrek, gadymy we ýokary gymmatly taryhy zatlaryň satylýan we bahalandyrylýan halkara derejesindäki söwda merkezidir.

2009-njy ýyldan bäri ýaýlyma berilýän “Pawn Stars” gepleşigi dünýä boýunça millionlarça tomaşaçy tarapyndan yzygiderli tomaşa edildi, köp bölümleri bolsa birnäçe milliondan onlarça milliona çenli tomaşa edilmek görkezijilerine ýetdi. Gepleşik sport, sungat, syýasat we medeniýet taryhyna degişli gadymy zatlaryň hakykylygyny barlamak, olaryň taryhy manysyny düşündirmek we söwdasyny geçirmek bilen tapawutlanýar.

Bu ýerde Maýk Jordan, Kobe Braýant, Maýk Taýson ýaly dünýä belli sport ýyldyzlaryna degişli gol çekilen zatlar, taryhy resminamalar, gadymy şaý-sepler we kolleksiýa gymmatlyklary diňe bir görkezilmeýär, eýsem bahasy ýüz müňlerçe, hatda millionlarça dollar bilen ölçelýän harytlar hökmünde satuwa hem çykarylýar. Şonuň üçin bu ýer dünýäde gadymy bazarynyň, medeni mirasyň we teleýaýlym taryhynyň birleşýän seýrek nokatlarynyň biri hasaplanýar.
Sapar wagtynda “Atavatan Media” tarapyndan türkmen zenan el sumkasy sowgat hökmünde gowşuryldy. Bu milli el işi torba dünýäniň iň meşhur sport ýyldyzlaryna degişli zatlaryň ýerleşdirilen ýörite witrinalarynyň arasynda öz ornuny tapdy. Olaryň arasynda aşakdaky dünýä belli şahsyýetlere degişli ýadygärlikler bar:

Maýkl Jordan – NBA taryhynyň iň uly ady
Gol çekilen basketbol ýadygärlikleri we taryhy fotosuratlar.
Kobe Braýant – basketbol äleminiň ady rowaýata öwrülen türgeni
“Los-Anželes Leýkers” topary bilen bagly gol çekilen suratlar.
Larry Bird – “Boston Celtics” toparynyň meşhur türgeni
“Celtics” toparynyň formasyndaky taryhy oýun pursatlary.
Magic Johnson – NBA taryhynyň iň täsirli oýunçylaryndan biri
“Celtics” – “Lakers” toparlarynyň arasyndaky meşhur duşuşyklardaky gol çekilen fotosurat.
Konor Makgregor – UFC-niň dünýä belli ýyldyzy
UFC bilen bagly gol çekilen ýadygärlikler.
Kilian Mbappe – häzirki zaman futbolynyň iň uly ýyldyzlaryndan biri
Futbol bilen bagly ýörite kolleksiýa elementleri.
Maýk Taýson – dünýä belli boks çempiony
Gol çekilen boks elligi
Çarles Leklers – Formula 1-iň häzirki zaman ýyldyzy
Gol çekilen ýaryş başgaby.
Bu dünýä meşhurlarynyň ýadygärlikler üçin berlen zatlarynyň hatarynda Türkmen zenan el sumkasynyň ýerleşdirilmegi türkmen milli sungatynyň halkara derejesinde ykrar edilýändigini görkezýär.

Türkmen medeniýeti dünýä giňişliginde
Sapar wagtynda “Atavatan Media” toparynyň ýaş wekili Ysmayyl, bu ýeriniň eýesi we “Pawn Stars” gepleşiginiň esasy şahsyýeti bolan Rik Harrison bilen duşuşyp, Türkmenistan barada gysgaça maglumat berdi. Rik Harrison Ysmaýyla gol çekilen fotosuraty we sport köýnekçesini sowgat berdi.

Rik Harrison öz giň bilim derejesi, taryha we medeni mirasa bolan çuň gyzyklanmasy bilen tanalyp, “Pawn Stars” taslamasynyň dünýä derejesinde üstünlik gazanmagynda möhüm rol oýnady. Onuň ýygnan kolleksiýalary diňe bir gymmaty bilen däl-de, eýsem medeni we taryhy ähmiýeti bilen hem tapawutlanýar.
Medeni diplomatiýanyň aýdyň nyşany

Türkmen halkyna mahsus nagyslar bilen bezelen el torbasynyň Maýkl Jordan, Kobe Braýant, Kilian Mbappe, Konor Makgregor, Larri Bird, Magik Jonson ýaly dünýäniň iň uly sport ýyldyzlarynyň ýadygärlikleriniň arasynda görkezilmegi — bu Türkmenistanyň milli gymmatlyklarynyň dünýä derejesinde tanadylmagynyň aýdyň mysaly boldy.
“Atavatan Media” geljekde hem dünýäniň iri medeni we sport merkezlerinde türkmen medeniýetini, sungatyny we milli mirasyny tanatmak işlerini dowam etdirer.
