DÜNÝÄ

Lahoryň Söwda-senagat edarasy Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýär

Türkmenistanyň Pakistan Yslam Respublikasyndaky Ilçihanasynda Lahoryň Söwda-senagat edarasynyň ýerine ýetiriji komitetiniň agzasy, diplomatik wekilhanalar boýunça hemişelik komitetiniň utgaşdyryjysy Şeýh Muhammad Ibrahimiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşykda türkmen-päkistan ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň ýollary ara alyp maslahatlaşyldy.

Pakistan tarapyna Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzyň ykdysadyýetini mundan beýläk hem ösdürmek we ýurda maýa goýum çekmek üçin alyp barýan ykdysady syýasaty barada gürrüň berildi.

Şol sanda, pakistan tarapyny gyzyklandyran, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda gurulýan Ahal welaýatynyň täze dolandyryş merkezi – Arkadag şäheri bilen tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Arkadag şäherindäki desgalaryň, jaýlaryň, ýollaryň «akylly» şäher konsepsiýasyndan ugur alnyp gurulýandygy aýratyn bellenildi.

Lahoryň Söwda-senagat edarasynyň wekiliýeti Arkadag şäherindäki infrastrukturanyň häzirki zaman şäher gurluşygyna laýyklykda we ýaşaýjylar üçin amatly şertlerde gurulýandygyna ýokary baha berdi hem-de halkara derejesinde nusgalyk şäher boljakdygyny nygtady.

Şeýle hem taraplar söwda, maýa goýum, işewürlik hyzmatdaşlygyny ösdürmek maksady bilen, ýylyň dowamynda bilelikdäki çäreleri geçirmegi ylalaşdylar.

Ýene-de okaň

Türkmen wekiliýetiniň Germaniýada geçiren duşuşyklary

Ata Watan Eserleri

Germaniýanyň Prezidenti Merkezi Aziýanyň ministrlerini kabul etdi

Türkmenistan “Germaniýa-Merkezi Aziýa” daşary işler ministrleriniň duşuşygyna gatnaşdy

Tailandyň Patyşasy Türkmenistana sapar bilen gelmegi meýilleşdirýär

Türkiýäniň Ministrler Kabinetinde käbir üýtgeşmeler boldy

Türkmenistanyň Baş konsulynyň Owganystanyň Balh welaýatynyň häkimi bilen duşuşygy geçirildi