SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

“Laçyn syry” – ýüzler üçin täsirli we tebigy melhem

Her bir ynsanyň, ylaýta-da zenanlar ýaş hem owadan görünmek isleýär. Gözelligiň syry bolsa esasan hem adamyň ýüzüdir. Bu ugurda dürli işleri alyp barýan “MelhemSpa” gözellik merkeziniň ýolbaşçysy hem-de lukman-kosmetolog Laçyn Soýunowa türkmen halkynyň Milli Lideriniň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» kitabyndan ylham alyp, Türkmenistanda ilkinji kepillendirilen «Laçyn Syry» ýüz maskasyny taýýarlady.

Bu maska toz görnüşinde bolup, ol dolulygyna tebigy ösümliklerden taýýarlanyldy. Onuň düzüminde esasan, ýandak güli, atgulak, üzärlik we itburun ýaly peýdaly ösümlikler bar.

«Laçyn Syry» ýüzdäki islendik näsazlyklary bejermäge ukyplydyr. Onuň ýagly, gury, kadaly we dürli näsazlyklary bolan ýüzler üçin ýörite görnüşlerini degişlilikde ulanylyp bilner.

Maska ýüzdäki ýaralary we ýara yzlaryny, günüň ýanyklaryny, gyzarmalary, düwürtikleri we ýüzdäki ýygyrtlaryň öňüni almaga we ýüzi ýagtyldyp, tekizlemäge kömek edýär.

Ýüz maskasyny ýetginjeklerden başlap, islendik uly ýaşdaky adamlar ulanyp bilerler. Bu bejerijini kadaly ýagdaýda, hepdede 3 gün ulanmak maslahat berilýär. Eger täsirini tiz görmek ýa-da ýüzdäki näsazlyklary tiz aýyrmak isleýänler maskany her gün hem ulanyp bilerler we «Laçyn Syry» maskasynyň bir gutusy 2 aý ulanmaga ýetýär.

Bir guty maska 100 manat baha bilen, aprel aýynda satuwa çykaryldy. Soňlugy bilen dermanhanalarda hem «Laçyn Syry» maskalaryň satuwy meýilleşdirilýär.

Has giňişleýin maglumat almak we haryt sargyt etmek üçin aşakdaky telefon belgä jaň edip bilersiňiz: (+99362) 35-25-67

Instagram: @lacyn_syry

 

Ýene-de okaň

Aşgabat-Türkmenbaşy ugry boýunça goşmaça awtobus gatnawy ýola goýuldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan Ženewada BSGG-niň Assambleýasyna gatnaşdy

Özbegistan Bahreýn, Kuweýt we Oman üçin wizany ýatyrýar

Aşgabat-Almaty uçar gatnawlaryny täzeden ýola goýmak meýilleşdirilýär

Aşgabat-Balkanabat, Türkmenabat-Balkanabat, Mary-Balkanabat we Daşoguz-Balkanabat gatnawlary ýola goýulýar

Türkiýä 3 aýda syýahatçylyk pudagyndan 9,5 milliard dollar girdeji gazandy