SPORT

Kubok Amerika: Braziliýa finalda

Braziliýada geçirilýän Kubok Amerika ýaryşy hem tammalanyp barýar. Ol hem Ýewropa çempionaty ýaly, şol bir wagtda başlady.

Kubok Amerikanyň ýarym finalda Braziliýanyň ýygyndysy Perunyň ýygyndysyny 1:0 hasabynda ýeňdi. Duşuşygyň ýeke-täk goluny 35-nji minutda Lukas Paketa geçirdi.  Şeýlelikde, Braziliýanyň ýygyndysy bassyr 2-nji ýyl bu ýaryşyň final tapgyryna çykmagy başardy.

Braziliýanyň ýygyndysy finalda ýeňiş gazanan halatynda taryhynda 10-njy gezek bu kubogyň eýesi bolar. Mundan ozal braziller 1919-njy, 1922-nji, 1949-njy, 1989-njy, 1997-nji, 1999-njy, 2004-nji, 2007-nji we 2019-njy ýyllarda çempion bolupdy we ýeňiş gazanan 9 ýaryşynyň 5-inde öz ýurdunda geçirilen ýaryşda ýeňiş gazanypdy.

Braziliýanyň finaldaky bäsdeşi Lionel Messili Argentina bilen Kolumbiýanyň arasyndaky duşuşygyň ýeňijisi bolar.

Günorta Amerikadaky bu iri sport ýaryşynda iň köp Urugwaý (15) çempion bolupdy. Sanawda ikinji orunda Argentina (14) we üçünji orunda Braziliýa (9) barýar.

 

6-njy iýuldaky howa maglumaty

 

Ýene-de okaň

Futbol boýunça dünýä çempionaty: ähli gatnaşyjylar belli boldy

Türkiýä 24 ýyldan soňra dünýä çempionatyna gatnaşar

Ata Watan Eserleri

44 gün tälimçilik etdi

Türkiýäniň ýygyndysyna dünýä çempionatyna bir ädim galdy

Ata Watan Eserleri

Salah “Liwerpuldan” gidýär

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi