Dr.Döwran Orazgylyjowyň ýolbaşçylygynda taýýarlanylan we 2025-nji ýylda neşir edilen «Makul» Iňlisçe-Türkmençe sözlügi, şu güne çenli çap edilen iň giň göwrümli sözlük bolup, ol gündelik gepleşikden başlap, hukuk, lukmançylyk, i\ewxrlik we hatda emeli intellekt ýaly ugurlary öz içine alýan 16,500 sözden ybaratdyr. Mundan ozalky sözlüklerde adatça 10,000 töweregi ýa-da ondan hem az söz bolýardy, şonuň üçin bu ädim hakyky öňegidişlikdir.
Meni özüne çeken zat — köne we täze sözleriň utgaşmasy boldy. Bir sahypada türkmen medeniýetiniň esasyny düzýän myhmansöýerlik, däp-dessur bolan duz-çörek, şeýle-de düýe we haly bilen baglanyşykly sözleriň bitewi bir toparyna duş gelseňiz, birnäçe sahypadan soň bolsa türkmen sözlügine ilkinji gezek girizilen dörediji emeli intellekt ýaly adalgalara duş gelýärsiňiz. Hatda meni gawun kaky ýaly sözler hem aýratyn ünsümi çekdi. Türkmen halkynyň gawuna nähili uly sarpa goýýandygyny bilýän bolsaňyz, bu sözüň näme üçin bu ýerde bardygyna düşünersiňiz.

Şahsy tejribämden aýtsam, bu sözlük dili öwrenmekde maňa diýseň peýdaly boldy. Bu şeýle bir kitap: bir söze seretjek bolup, bilesigelijilik bilen ýene on sözi okap çykýarsyňyz. Türkmençe terjimeler köplenç diliň nähili «pikir edýändigini» aýan edýär. Sözler garaşyşyňdan has düşündirişli we gatlakly bolup, dili öwrenmegi ýöne bir ýat tutmak däl-de, eýsem täze açyşlar etmek ýaly duýdurýar.
Sözlük Türkmenistanyň çäklerinden has daşarda hem ykrar edilip başlandy. Ol Stenford uniwersitetiniň, Garward uniwersitetiniň we Nýu-Ýork köpçülikleýin kitaphanasynyň kataloglaryna goşuldy we Amazon platformasynda satuwa çykaryldy. Onuň sanly we audio görnüşini makulsozluk.com saýty hem-de ykjam programmalar arkaly ulanyp bolýar, ol ýerde iňlis we türkmen dillerindäki sözleriň okalyşyny hem diňläp bolýar.
Siz türkmen dilini öwrenýän bolsaňyz, Merkezi Aziýada işleýän bolsaňyz ýa-da dünýäniň entek doly tanamaýan täsin halkynyň dili bilen gyzyklanýan bolsaňyz, bu sözlük mynasypdyr. Şeýle hem II jiltlige garaşyň, sebäbi ol eýýäm taýýarlanylýar. Deslapky maglumat hökmünde, onuň ýedi bölümden (nädogry işlikler, Idiomalar, Frazeologizmler, Prefiksler, Suffiksler, Söz kökleri we Kontekstual mysallar) ybarat boljakdygyny we meniň hem redaksiýa geňeşiniň agzasydygymy uly buýsanç bilen aýdýaryn. Iň gowusy entek öňde.
Türkmen nakylynda aýdylyşy ýaly: «Dil bilen dünýäni gezersiň». Bu ýagdaýda bolsa, belki-de, türkmen we iňlis dünýäsini gezersiňiz.
Kristofer Wizda Bilim işgäri we Halkara ösüş hünärmeni
Ulan-Bator, Mongoliýa 2026 linkedin.com/in/christopher-wizda
