TEHNOLOGIÝA

Kriptowalýuta bilen “Tesla” ulagyny satyn alyp bolar

“Tesla” kompaniýasy takmynan 1,5 milliard dollar töweregi bitkoin kriptowalýuta maýa goýdy we ýakyn wagtda bu kompaniýanyň awtoulaglary we beýleki önümleri satyn almak üçin töleg hökmünde kabul etmegi meýilleşdirýär. Bu barada kompaniýanyň hasabatynda habar berilýär. Hususy kompaniýalar tarapyndan satyn alnan ýokary bahaly bitkoin bolup durýar. Kompaniýanyň hasabaty çap edilenden soňra, bir bitkoin kriptowalýutasynyň bahasy ýene-de taryhy derejä ýetdi. Indi bir bitkoinyň bahasy 44.800 dollardan ybaratdyr.

Bitkoinyň bahasy “Tesla” kompaniýasynyň üçünji görnüşli elektrik awtoulagynyň bahasy bilen deňeşdirilýär. Umuman “Tesla” kompaniýasynyň esaslandyryjysy Ilon Mask bitkoin kriptowalýutasyny we kriptografik ideýasyny goldaýar. Mask geçen ýyl onlarça milliard dollar möçberinde nähili uly amallaryň amala aşyryp biljekdigine göz ýetirdi. Hünärmenler “Tesla” kompaniýasynyň şeýle ýerine ýetiren işinden soňra, beýleki öňdebaryjy kompaniýalaryň hem bitkoin kriptowalýutasyna uly maýa goýumlary bilen gyzyklanyp biljekdigini aýtdylar.

 

Durmuş Sahypamyz

Gündelik durmuşa degişli habarlary biz Durmuş sahypamyza ýerleşdirýäris.

Ýene-de okaň

Internet ulanyjylarynyň sany boýunça öňdebaryjy ýurtlar

Türkiýede 5G döwri başlady

Türkmenistanda 5G we 4G+ torlaryny ýaýbaňlandyrmak üçin bäsleşik yglan edildi

Türkmenistan-Ýaponiýa: maglumat merkezleriniň ulgamy dörediler

«Türkmenpoçta» bütindünýä poçta birleşmesiniň halkara IPS sanly ulgamyna birikdiriler

Türkmenistanyň we Russiýanyň Gahrymany Kosmonawtlary taýýarlaýyş merkeziniň başlygy boldy