SPORT

“Krasnodar” topary tälimçisini wezipesinden boşatdy

Russiýanyň milli futbol çempionatynyň düzüminde çykyş edýän “Krasnodar” topary tälimçisi Wiktor Gonçarenkony wezipesinden boşatdy. Bu barada toparyň metbugat gullugy habar berýär.
Wiktor Gonçarenko bilen bir hatarda onuň 2 sany kömekçisi – Wasiliý Berezusk we Aleksandr Ermakowiç hem toparyň düzüminden ugradyldy.
Belarusly hünärmen Gonçarenko bilen toparyň arasyndaky şertnamanyň möhleti 2023-nji ýylyň 31-nji dekabryna çenli göz öňünde tutulypdy.
Wiktor Gonçarenko 2021-nji ýylyň 6-nji aprelinde bu topara gelipdi. Onuň gelen döwründe topar Russiýanyň çempionatynda 10-njy orunda barýardy.
“Krasnodar” toparynyň täze tälimçisi wezipesinde Marko Nikoliçiň bellenmegine garaşylýar. Marko Nikoliç ozal Russiýanyň “Lokomotiw” toparyna tälim beripdi.
https://www.atavatan-turkmenistan.com/dunyanin-in-bay-bokscylary/

Ýene-de okaň

Futbol boýunça dünýä çempionaty: ähli gatnaşyjylar belli boldy

Türkiýä 24 ýyldan soňra dünýä çempionatyna gatnaşar

Ata Watan Eserleri

44 gün tälimçilik etdi

Türkiýäniň ýygyndysyna dünýä çempionatyna bir ädim galdy

Ata Watan Eserleri

Salah “Liwerpuldan” gidýär

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi