Türkmenistanyň BMG-niň bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen edarasy ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygy has-da işjeňleşdirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berildi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiziň garamagyna degişli teklipler hödürlenildi.
Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde berlen hasabata görä. köpýyllyk ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň netijesinde, ýurdumyzyň «Gadymy Merw», «Köneürgenç» we «Gadymy Nusaý» taryhy-medeni ýadygärlikleri ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi. Şeýle hem türkmen halkynyň «Görogly» şadessany, «Küştdepdi» aýdym we tans dessury hem-de türkmen milli halyçylyk sungaty Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizildi.
Şu ýylyň dowamynda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna Türkmenistanyň köptaraplaýyn we milli hödürnamalaryny girizmek boýunça degişli işler dowam etdirildi. Hususan-da, Özbegistan we Täjigistan bilen bilelikde «Beýik Ýüpek ýolunyň Zarawşan — Garagum geçelgesi» hem-de Eýran Yslam Respublikasy bilen bilelikde «Türkmeniň keşdeçilik sungaty» atly köptaraplaýyn hödürnamalar doly taýýarlanylyp, ÝUNESKO-nyň sekretariatyna tabşyryldy. Bu hödürnamalar boýunça çözgütleriň 2022-nji ýylda kabul edilmegine garaşylýar.
Milli hödürnamalar barada aýdylanda, ÝUNESKO-nyň «Şäherleriň döredijilik toruna» Aşgabat şäherini girizmek boýunça resminamalaryň doly taýýarlanylandygyny hem-de bu guramanyň sekretariatyna tabşyrylandygyny bellemek gerek. Bu babatda gutarnykly çözgüdiň şu ýylyň 29-njy oktýabrynda yglan edilmegine garaşylýar.
ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizmek üçin «Dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty» atly hödürnama boýunça resminamalaryň toplumy hem dolulygyna bu gurama tabşyryldy. Bu bölüm boýunça netijäniň şu ýylyň dekabr aýynda geçirilmegi meýilleşdirilýän Maddy däl gymmatlyklar boýunça komitetiň çäginde kabul edilmegine garaşylýar.
Milli Liderimiziň resmi çykyşlaryndan we syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp, häzirki wagtda ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygy ählitaraplaýyn ösdürmek üçin, şol sanda Türkmenistanyň hödürnamalaryny ilerletmek maksady bilen, degişli teklipler taýýarlanyldy. Olar, hususan-da, Türkmenistanyň, Gazagystanyň we Özbegistanyň aram guşaklykdaky çölleriniň goraghanalaryny öz içine alýan «Aram guşaklygyň Turan çölleri» atly transmilli hödürnamany taýýarlamak boýunça işler alnyp barylýar. Bu hödürnamanyň çäklerinde Türkmenistanyň üç sany, ýagny Repetek biosfera, Bereketli Garagum we Gaplaňgyr döwlet tebigy goraghanalarynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilmegi göz öňünde tutulýar.
Döwlet Baştutanymyzyň goldaw bermeginde, Köýtendag ekoulgamyny hem ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek boýunça resminamalar taýýarlanylýar. Olary baýlaşdyrmak, ylmy-barlag maglumat bilen üpjünçiligini artdyrmak we bu ugurda halkara tejribäni çekmek maksady bilen, ABŞ-nyň Uly landşaftlary goramak merkezi bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek teklip edilýär.
Beýan edilen teklipleri nazara almak bilen, özara düşünişmek barada Ähtnamanyň taslamasyny taýýarlamagyň möhümdigi bellenildi.
ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygy ekologiýa, daşky gurşawy goramak, ekoulgamlar hem-de tebigy baýlyklary Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek meselelerinde ösdürmek maksady bilen, bu guramanyň «Adam we biosfera» atly halkara maksatnamasynyň çäklerinde işleri güýçlendirmek teklip edilýär. Onuň düzgünlerine laýyklykda, ÝUNESKO-nyň agza ýurtlarynda ugurdaş milli komitetler döredilýär.