Amerikanyň «Pfizer» farmasewtika kompaniýasy Birleşen Milletler Guramasynyň kömegi bilen koronawirus keseline garşy gerdejik görnüşli dermanlary öndürip başlamaga degişli rugsatnamany aldy.
Bu barada sişenbe güni berlen beýanatda rusgatnama kompaniýa şeýle gerdejikleri dünýäniň umumy ilatynyň 53 göterimi ýaşaýan 95 döwletde öndürmäge mümkinçilik berýär.
Kompaniýanyň bütin dünýäde giňden ýaýran koronawirus keseline garşy «Pfizer-BioNTech» sanjymyny öndürendigini ýatladýarys. Adyndan hem belli bolşy ýaly, sanjym iki farmasewtika kompaniýasynyň bilelikdäki hyzmatdaşlygynyň miwesidir. Bu sanjym Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasy tarapyndan ulanmaga rugsat berlen ilkinji COVID-19 sanjymy hökmünde taryha girdi.
Bu rugsatnamadan soňra, Amerikanyň Birleşen Ştatlary bu sanjymy ilkinji ulanyp başlan döwlet boldy. Ýurtda sanjym 2020-nji ýylyň dekabr aýynda köpçülikleýin ulanylyp başlandy. Soňra ol dünýäniň beýleki döwletlerinde hem ulanyldy.
«Pfizer» kompaniýasy mundan beýläk dünýä jemgyýetçiligine koronawirusa garşy gerdejikleri hem hödürlemekçi. Bu gerdejikleriň tutuş Ýeri ýüzüni gurşap alan keselden has ir dynmaga mümkinçilik berjekdigine ynanylýar.