SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Koronawirusa garşy ömürlik sanjym

Tokionyň lukmançylyk ylymlary instituty (Ýaponiýa) 2023-nji ýylda adamlary koronawirusdan ömürlik gorap berjek sanjymy synagdan geçirip başlar.

Işlenip taýýarlanylýan sanjym XVIII asyrda britan lukmany Edward Jenner tarapyndan mama keseline garşy döredilen sanjymyna esaslanýar. Bu sanjymda adamlar üçin zyýansyz waksina wirusy bar. Sanjymlar adamzada ölüm howply keseli ýeňip geçmäge kömek eder.

Ýapon alymlary koronawirus keselini döredýän SARS-CoV-2 wirusynyň süýümli belogyny öz içine alýan rekombinant waksina wirusyny döretmegi maksat edinýärler.

Rekombinant wirusyna esaslanýan täze sanjym koronawirusdan goraýan öýjükleriň ömürlik bolmagyna mümkinçilik berer.

Ýaponiýanyň “Nobelpharma” derman kärhanasy 2023-nji ýylyň birinji ýarymynda täze sanjymyň kliniki synaglarynyň birinji we ikinji tapgyrlaryny geçirmekçi. Synaglarda koronawirus bilen kesellän ýa-da sanjym edilenler bilen birlikde 150-200 adam gatnaşar.

 

Dünýäde ilkinji bolup, Täze ýyly garşy alan ýurtlar

Ýene-de okaň

«Türkmenistan» awiakompaniýasy: Dubaý we Abu-Dabi gatnawlary 1-nji iýuna çenli ýatyryldy

Aşgabat-Awaza ugry boýunça yzygiderli awtobus gatnawlary başlanýar

4 aýda Özbegistana 4 milliondan gowrak syýahatçy geldi

“RŽD” Türkmenistana bolan syýahatçylyk ugurlaryna gyzyklanma bildirilýär

«Türkmenistan» awiakompaniýasynyň Frankfurta uçuşlary 3-nji terminaldan ýerine ýetiriler

Azerbaýjan bilen Gazagystan bilelikdäki syýahatçylyk kompaniýasyny döretdi