SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Koronawirus waksinada ýokary netijelilik

Soňky günlerde koronawirus pandemiýasyna garşy sanjym öndürmekde düýpli üýtgeşmeler bolup geçdi. “BioNTec  we Pfizer” farmasewtiki kompaniýalaryň gaýtadan işläp düzen waksinasy 90% göterim goragy üpjün edendigini aýdylandan soňra, başga bir sanjym hakynda hoş habar gelip gowuşdy.

Käbir maglumatlara görä, Amerikanyň “Moderna” biotehniki kompaniýasy pandemiýa garşy sanjym öndürdi we sanjym synaglarda 95% göterim täsir edýändigi yglan edildi. “Moderna” biotehniki kompaniýasynyň beýanatynda, bu sanjymy ulanmak üçin geljek hepdelerde ýüz tutup bilerler diýip bellenilýär.

ABŞ-da geçirilen synaglara gatnaşýan 30 müň adamyň 15 müňüsine dört hepde aralygynda iki dozada sanjym edilipdir. “BBC” habar gullugynyň habar bermegine görä, sanjymyň 95% göterim goragy üpjün edilendigi anyklandy. Bu sanjym epidemiýa alamatyny görkezen 95 adamda synag edilipdir.

Waksinanyň garşy täsirleri

Bu sanjyma gatnaşan adamlarda häzirki wagta çenli hiç hili howply ýagdaýlary entäk ýüze çykarmandyr, diňe kellelerinde azrak agyry duýupdyrlar. Lukmanlar bu alamaty kadaly diýip belleýärler.

Saklanyş şertleri

“Moderna” kompaniýasynyň waksinasyny -20 dereje sowukda 6 aýa çenli durkuny ýitirmän saklap bolýar, öý şertlerinde ulanylýan sowadyjylarda bolsa 1 aý möhleti bilen saklamak bolar.

Amerikanyň Massaçusets ştatynda ýerleşýän kompaniýa, bu waksinany esasan ABŞ-da 20 million dozany işe girizmek meýilleşdirýär. Geljek ýyl bolsa 1 milliard dozasyny öndürmegi meýilleşdirýär.

 

Täleýnama Sahypamyz

“Ýyldyzlar näme diýýär” –eger bu soragyň jogaby Sizi gyzyklandyrýan bolsa onda bu sahypamyzy yzygiderli yzarlaň!

Ýene-de okaň

Türkmenistan Bütindünýä saglyk gününi sport çäreleri bilen bellär

Özbegistanda syýahatçylyk çalt ösýär: täze strategiýa ykdysady ösüşi güýçlendirýär

Türkmenistanda “Turkmentravel-2026” atly halkara syýahatçylyk sergisi geçiriler

Alanýa sizi ultra trail halkara marafona çagyrýar

«ITB BERLIN – 2026» halkara sergisinde Türkmenistanyň syýahatçylyk mümkinçilikleri tanyşdyryldy

Daşary ýurt awiakompaniýalary Türkmenistanyň üsti bilen üstaşyr gatnawlary artdyrýarlar