SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Koronawirus sanjymlaryň bahasy gymmatlady

“Pfizer” hem-de “Moderna” farmasewtika kompaniýalary özleriniň koronawirus ýokanjyna garşy öndürýän sanjymlarynyň bahasyny ýokarlandyrdy. “Financial Times” gazetiniň habaryna görä, häzirlikçe bu diňe Ýewropa Bileleşigine degişlidir.

Mundan beýläk, “Pfizer” sanjymynyň bir dozasynyň bahasy 15,50 ýewronyň ýerine 19,50 ýewro bolar. Şeýlelikde, german-amerikan waksinasynyň bahasy takmynan 25 göterim gymmatlaýar.

Şeýle hem şol bir wagtda “Moderna” sanjymynyň bahasy bolsa 19 ýewrodan 21,50 ýewro çykarylýar.

Bu sanjymy işläp düzüjiler nobatdaky barlaglardan soňra öz waksinalarynyň has täsirlidiginini öňe sürýärler. Şeýle hem olar “AstraZeneca” hem-de “Johnson&Johnson” ýaly arzan sanjymlaryna garanyňda, öz sanjymlarynyň ýaramaz täsiriniň ýüze çykyp biläýjek töwekgelçiliginiň beýlekilerden pesdigini belleýärler.

Neşiriň maglumatyna görä, Ýewropa Bileleşiginiň bu sanjymlary täze bahadan satyn almak babatda ylalaşandygy hem bellenilýär.

Bu sanjymlaryň bahalaryna täzeden seredilmegi käbir Ýewropa ýurtlarynyň iki doza sanjym alan raýatlaryna 6 aýdan soňra üçünji dozasyny hem urmak babatda alan kararynyň netijesinde emele gelendigi bellenilýär.

 

Tokio-2020: ýeňil atletikada gazanylan medallar

 

Ýene-de okaň

THY: Aşgabat-Stambul gatnawlarynyň sanyny hepdede 17-ä çykaryldy

German lukmanlary Türkmenistanda iş saparynda bolýarlar

Türkmenistan Bütindünýä saglyk gününi sport çäreleri bilen bellär

Özbegistanda syýahatçylyk çalt ösýär: täze strategiýa ykdysady ösüşi güýçlendirýär

Türkmenistanda “Turkmentravel-2026” atly halkara syýahatçylyk sergisi geçiriler

Alanýa sizi ultra trail halkara marafona çagyrýar