JEMGYÝET

Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Türkmenistanyň Prezidentine hoşallyk bildirdi

Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Li Çže Mýon Türkmeistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow adyna hoşallyk hatyny iberdi. Bu barada Koreýa Respublikasynyň Prezidentiniň metbugat gullugy habar berýär.

Habar berlişine görä, hatda Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Li Çže Mýon Eýrandaky ýagdaýlar nazarda tutulyp, Koreýa Respublikasynyň 25 raýatynyň öz ýurduna dolanmagyna işjeň goldaw berendigi üçin Türkmenistanyň Prezidentine hoşallyk bildirdi.

Türkmenistanyň ýakyndan goldaw bermeginde Eýrandaky koreý raýatlary 3-4-nji martda bu ýrtda howpsuz ýagdaýda öz ýurduna dolandy.

Koreýanyň Prezidenti bu kömegiň ýurtlaryň arasyndaky dostlugyň we özara ynamyň çuňlugynyň nobatdaky subutnamasydygyny belledi.

Prezident Li, şeýle hem, geçen ýylyň awgust aýynda Türkmenistanyň Prezidenti bilen geçiren telefon arkaly söhbetdeşligini ýatlap geçdi. Şol söhbetdeşlikde ol geçen ýylyň iýun aýynda Eýranda ýaşaýan 59 koreý raýatynyň Türkmenistanyň çäkleri arkaly öz watanyna howpsuz dolanmagyna berlen kömek üçin hoşallyk bildiripdi.

Ýene-de okaň

Türkmen wekiliýetiniň Gruziýanyň portlaryna sapary

Türkmenistanyň wekiliýeti Azerbaýjana sapar bilen bardy

Türkmenistan bilen Belarus ynsanperwer gatnaşyklaryny berkidýär

Ata Watan Eserleri

25-nji aprelinde ahalteke atlarynyň halkara gözellik bäsleşigi geçiriler

Türkmenistan bilen BMG täze resminamalara gol çekişdi

Türkmen-türk hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy